Fut­zal bo­ýun­ça Slo­we­ni­ýa­da ge­çi­ri­len 11-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da Por­tu­ga­li­ýa ýe­ňiş ga­zan­dy. Olar paý­tag­ty Lýubl­ýa­na­da­ky “Are­na Sto­ži­se­de” oý­na­lan fi­nal­da soň­ky çem­pi­on Is­pa­ni­ýa bi­len du­şuş­dy. Eý­ýäm 1-nji mi­nut dol­man­ka, fut­za­lyň su­per ýyl­dy­zy Ri­kar­di­nio ha­sa­by aç­dy. Is­pa­ni­ýa 19-njy mi­nut­da Tol­ra bi­len ha­sa­by deň­le­di. 32-nji mi­nut­da Lin Is­pa­ni­ýa­ny öňe çy­kar­dy. Oý­nuň ta­mam­lan­ma­gy­na 1,5 mi­nut ga­lan­da-da, Bru­no Ko­el­ýu ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy. Goş­ma­ça wagt­da-da, has ta­ky­gy, 50-nji mi­nut­da ýe­ne-de Bru­no Ko­el­ýu has gün­ba­tar­ly­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren go­ly pe­nal­ti­den öz ady­na ýaz­dyr­dy. Şeý­le­lik­de, Por­tu­ga­li­ýa­nyň fut­zal ýy­gyn­dy­sy il­kin­ji ge­zek Ýew­ro­pa­nyň çem­pio­ny di­ýen ady eýe­le­di. Por­tu­ga­li­ýa çär­ýek fi­nal­da Azer­baý­ja­ny, ýa­rym fi­nal­da-da kyn­lyk bi­le­nem bol­sa, Rus­si­ýa­ny 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­di. Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2010-njy ýyl­da-da fi­nal­da Is­pa­ni­ýa bi­len du­şu­şyp­dy we şon­da olar 4–2 ha­sa­byn­da ýeň­lip­di. Olar 2007-nji ýyl­da öz­le­rin­de ge­çi­ri­len çem­pio­nat­da hem-de 2014-nji ýyl­da 4-nji or­na my­na­syp bo­lup­dy.
Bü­rünç me­da­lyň eýe­si­ni kes­git­le­ýän oýun­da Rus­si­ýa Ga­za­gys­ta­nyň to­pa­ry­ny Eder Li­ma­nyň 29-njy mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len ýeň­me­gi ba­şar­dy. Rus­si­ýa 2001-nji we 2007-nji ýyl­lar­dan soň, 3-nji sa­par mün­be­riň 3-nji bas­gan­ça­gy­na çyk­dy. Çem­pio­na­tyň iň ök­de oýun­çy­sy-da, iň ne­ti­je­li oýun­çy­sy-da 7 gol ge­çi­ren por­tu­ga­li­ýa­ly Ri­kar­di­nio bol­dy.
Ýew­ro­pa fut­zal çem­pio­na­ty il­kin­ji ge­zek 1996-njy ýyl­da ge­çi­ril­di. Şon­dan bä­ri ge­çi­ri­len 11 çem­pio­nat­da Is­pa­ni­ýa 7 (1996, 2001, 2005, 2007, 2010, 2012, 2016), Ita­li­ýa 2 (2003, 2014), Rus­si­ýa (1999) bi­le­nem Por­tu­ga­li­ýa-da (2018) 1 ge­zek ýe­ňi­ji bol­dy. Fi­nal­da Rus­si­ýa 5, Is­pa­ni­ýa­dyr Uk­rai­na 2, Por­tu­ga­li­ýa hem-de Ita­li­ýa 1 sa­par utul­dy.