UEFA Ýew­ro­pa li­ga­syn­da 2-nji tap­gy­ryň ýa-da 1/16 fi­na­lyň bi­rin­ji oýun­la­ryn­da aý­ra­ty­nam, myh­man­çy­lyk­daky to­par­lar ýe­ňiş ga­za­nyp, in­di­ki tap­gy­ra çyk­mak üçin uly müm­kin­çi­li­ge eýe bol­du­lar. 16 du­şu­şy­gyň 6-syn­da myh­man­lar ýe­ňiş ga­zan­sa, 4 oýun hem deň­lik­de ta­mam­lan­dy. “Mi­lan­dyr” “Ar­se­nal” de­giş­li­lik­de, “Lu­do­go­res” hem-de “Es­ter­sund” to­par­la­ryn­dan 3–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. “Mar­sel” hem şol ha­sap bi­len “Bra­ga­ny” ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bar ün­sü­ni “Se­rie A-nyň” çem­pi­on­ly­gy­na gö­nük­di­ren “Na­po­li” esa­sy dü­zü­min­däki köp oýun­çy­ny äti­ýaç­da otur­dan du­şu­şy­gyn­da “Le­ip­sig­den” 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňil­di. Bil­bao­nyň “At­le­ti­gi” myh­man­çy­lyk­da Mosk­wa­nyň “Spar­ta­gy­ny”, “Li­on” hem öz meý­dan­ça­syn­da “Wil­ýar­rea­ly” 3–1 ha­sa­byn­da ut­dy. Tap­gy­ryň iň çe­ke­le­şik­li ge­çen oý­nun­da Mosk­wa­nyň “Lo­ko­mo­ti­wi” myh­man­çy­lyk­da “Nis­sa­ny” 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­di. Ba­lo­tel­li­niň gol­la­ry bi­len öňe saý­la­nan ýer eýe­le­ri Ko­li­niň 67-nji mi­nut­da gy­zyl pe­tek al­ma­gyn­dan soň, oý­nuň dep­gi­ni­ni ga­ty gow­şat­dy. Şon­dan soň, hü­jüm­le­ri­ni art­dy­ran rus klu­by por­tu­ga­li­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy­sy Ma­nu­el Fer­nan­de­şiň het-tri­gi bi­len ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Şol ha­sap bi­len ta­mam­la­nan baş­ga bir du­şu­şyk­da Dort­mun­dyň “Bo­rus­si­ýa­sy” 90+1-nji mi­nut­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Şür­le­niň go­lu­na gar­şy­lyk Ili­çi­çiň pök­gü­le­ri bi­len ital­ýan to­pa­ry öňe saý­lan­dy. Ýö­ne tä­ze trans­fer Bat­şua­ýi tä­ze klu­bun­da gol ge­çir­me­gi­ni do­wam ed­ýär. 65-nji we 90+1-nji mi­nut­lar­da ta­pa­wut­la­nan bel­gi­ýa­ly hü­jüm­çi dort­mun­dly­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­dy. “Ko­pen­ga­gen” öz meý­dan­ça­syn­da Fi­şe­riň go­ly bi­len öňe çyk­sa-da, soň­lu­gy bi­len “At­le­ti­ko Mad­rid” 4–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.