Ge­çen hep­dä­niň an­na gü­ni Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň Phýonç­han şä­he­rin­de baş­la­nan XXIII gyş­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da 1 hep­de­si ta­mam­la­nan sport baý­ram­çy­ly­gyn­da me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da ger­ma­ni­ýa­ly Olim­pi­ýa­çy­lar öň­de bar­ýar. Olar 16-njy few­ra­la çen­li ge­çi­ri­len ýa­ryş­lar­da 9 al­tyn, 2 kü­müş hem-de 4 bü­rünç me­dal ga­zan­dy­lar. 6 al­tyn, 7 kü­müş we 5 bü­rünç me­dal alan nor­weg­ler 2-nji ýe­ri eýe­le­ýär. 5 al­tyn me­dal­ly Gol­lan­di­ýa (5 kü­müş, 2 bü­rünç) bi­len ABŞ (1 kü­müş, 2 bü­rünç), 3–4-nji orun­la­ry paý­laş­ýar­lar. Ýer eýe­le­ri Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň we­kil­le­ri hä­zir­lik­çe 2 al­tyn me­dal ga­za­nyp, 10-njy orun­da bar­ýar­lar.

* Sa­ni­li sporty bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler ta­mam­la­nyp, 4 al­tyn me­da­lyň 3-si­ni ger­ma­ni­ýa­ly tür­gen­ler al­ma­gy ba­şar­dy. Olar ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky ýe­ke­le­ýin, jü­büt­le­ýin hem-de to­par­la­ýyn ýa­ryş­lar­da al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Ger­ma­ni­ýa­ly Na­ta­lie Gei­sen­ber­ger So­çi­den soň, Phýonç­han­da-da ýe­ke­lik­de hem-de to­par­la­ýyn ýa­ryş­lar­da al­tyn me­dal ga­zan­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da­ky ýe­ke­le­ýin bäs­le­şik­de-de awst­ri­ýa­ly De­wid Gleir­şer ýe­ňi­ji bol­dy.
* Kon­ki­li typ­mak bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýa­ryş­lar­da 3 sa­ny Olim­pi­ýa re­kor­dy go­ýul­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da bu spor­tuň öň­de­ba­ry­jy ýur­dy ha­sap­lan­ýan Niderlandlaryň tür­ge­ni Swen Kra­mer 5000 metr ýa­ry­şyn­da al­tyn me­da­ly re­kord de­re­je bi­len ga­zan­dy. Bu onuň 3-nji Olim­pi­ýa al­tyn me­da­ly­dyr. 1500 metr ýa­ry­şyn­da-da baş­ga bir gol­lan­di­ýa­ly Kýeld Nu­is ýe­ňiş ga­zan­dy. 10000 metr bäs­le­şi­gin­de bol­sa, ka­na­da­ly Ted-Ýan Blu­men Olim­pi­ýa re­kor­dy­ny tä­ze­läp, al­tyn me­da­lyň eýe­si bol­dy. Ol 5000 metr bäs­le­şi­gin­de bol­sa, 2-nji ýe­ri al­dy.
* Kon­ki­li typ­mak bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň arasynda 1000 metr­de gol­lan­di­ýa­ly Ýo­rin Ter Mors al­tyn me­da­ly­nyň üs­tü­ne Olim­pi­ýa re­kor­dy­ny hem ga­zan­dy. 1500 metr­de gol­lan­di­ýa­ly Iren Wýust ýe­ňiş ga­za­nyp, kar­ýe­ra­syn­da­ky 5-nji Olim­pi­ýa al­tyn me­da­ly­na my­na­syp bol­dy. Şeý­le-de 3000 metr­de-de gol­lan­di­ýa­ly Kar­leýn Ah­te­re­ke ýe­ňiş ga­zan­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Ol wa­tan­daş­la­ry Iren Wýust hem-de An­toi­net­te de Ýong­dan öňe saý­lan­dy.
* Snou­bord ýa­ryş­la­ry­nyň sloups­taýl gör­nü­şi bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da ame­ri­ka­ly Red­mond Je­rard 87,16 utuk bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol XXI asyr­da dün­ýä inip, gyş­ky Olim­pia­da­da al­tyn me­dal ga­za­nan il­kin­ji er­kek tür­gen bol­dy.
* Snou­bord ýa­ryş­la­ryn­da ze­nan­la­ryň ara­syn­da half­paýp gör­nü­şi bo­ýun­ça ame­ri­ka­ly Hloe Kim 3-nji sy­na­ny­şy­gyn­da 98,25 utuk top­lap, al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. As­ly Gü­nor­ta Ko­re­ýa­dan bo­lan 17 ýaş­ly Kim gyş­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da 2000-nji ýyl­dan soň dog­lup, al­tyn me­dal alan il­kin­ji ze­nan tür­gen di­ýen ady eýe­le­di.
* Snou­bord ýa­ryş­la­ry­nyň sloups­taýl gör­nü­şi bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň ara­syn­da ame­ri­ka­ly Jeý­mi An­der­son So­çi­den soň, Phýonç­han­da-da al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Ol 1998-nji ýyl­dan bä­ri Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­syn­da bar bo­lan snou­bord bo­ýun­ça 2 al­tyn me­dal alan il­kin­ji ze­nan tür­gen di­ýen ady eýe­le­di.
* Fi­gu­ra­la­ýyn typ­mak bo­ýun­ça to­par­la­ýyn ýa­ryş­da 73 utuk top­lan Ka­na­da­nyň ýy­gyn­dy­sy al­tyn, Rus­si­ýa­dan gat­naş­ýan Olim­pi­ýa­çy­lar kü­müş hem-de ame­ri­ka­ly tür­gen­ler bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Rus­si­ýaly Ýew­ge­ni­ýa Med­we­de­wa ýe­ke­lik­de gör­ke­zen gys­ga çy­ky­şyn­da 81,06 utuk top­lap, bu ugur­dan Olim­pi­ýa re­kor­dy­ny goý­dy.
* Fi­gu­ra­la­ýyn typ­mak bo­ýun­ça jü­büt­le­ýin ýa­ryş­da ger­ma­ni­ýa­ly Alio­na Saw­çen­ko bi­len Bru­no Mas­so iki­si Olim­pia­da­nyň çem­pio­ny bol­dy. Bu ugur­da Suý Wens­zin bi­len Han Sun (Hy­taý) 2-nji, ka­na­da­ly Me­gan Dýua­mel bi­len Erik Red­ford 3-nji or­ny eýe­le­di­ler.
* Dag ly­ža­sy­nyň kom­bi­na­si­ýa gör­nü­şin­de er­kek­le­riň ara­syn­da soň­ky ýyl­la­ryň us­sat tür­ge­ni awst­ri­ýa­ly Mar­sel Hir­şer il­kin­ji ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. 6 ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gyn­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp, sla­lom­da has üs­tün­lik gör­ke­zen 28 ýaş­ly Hir­şer­den soň, 2–3-nji orun­la­ry fran­si­ýa­ly ly­ža­çy­lar – Alek­sis Pent­ýu­ro bi­len Wik­tor Mýuf­fa-Žan­de eýe­le­di.
* Dag ly­ža­sy­nyň gi­gant sla­lom ýa­ry­şyn­da ze­nan­lar­dan ame­ri­ka­ly Mi­kae­la Şiff­rin ýe­ňiş ga­zan­dy. Nor­we­gi­ýa­ly Ragn­hil Mu­win­kel 2-nji, ita­li­ýa­ly Fe­de­ri­ka Bri­nio­ne 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Şiff­rin So­çi­de hem sla­lom ýa­ry­şyn­da al­tyn me­dal alyp­dy.
* Dag ly­ža­sy­nyň da­un­hill gör­nü­şin­de er­kek­le­riň ara­syn­da nor­we­gi­ýa­ly Ak­sel Lund Swin­dal al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Wan­ku­wer – 2010-da 3 me­dal alan Swin­dalyň Olim­pi­ýa me­dal­la­ry­nyň sa­ny 4-e ýet­di. Swin­dal­dan soň, 2-nji or­ny wa­tan­da­şy Hie­til Ýan­surd, 3-nji ýe­ri-de şweý­sa­ri­ýaly Be­at Foýs eýe­le­di.
* Kör­ling bo­ýun­ça ga­ry­şyk jü­büt­le­riň ara­syn­da­ky bäs­le­şi­giň fi­na­lyn­da ka­na­da­ly Keýt­lin Lo­us – Jon Mor­ris iki­si şweý­sa­ri­ýa­ly Žen­ni Per­ri bi­len Mar­tin Ri­osy 10:3 ha­sa­byn­da ýeň­di. Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň çäk­le­rin­de il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len bu ga­ry­şyk jü­büt­leriň ýa­ry­şyn­da Rus­si­ýa­dan gat­naş­ýan olim­pi­ýa­çy­lar 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Anas­ta­si­ýa Briz­ga­lo­wa bi­len Alek­sandr Kru­şel­nis­kiý iki­si Rus­si­ýanyň ýygyndysyna kör­ling­de il­kin­ji Olim­pi­ýa me­da­ly­ny ga­zan­dyr­dy.
* Bi­at­lon ýa­ryş­la­ryn­da 24 ýa­şyn­da­ky ger­ma­ni­ýa­ly ze­nan Lau­ra Dal­ma­ýer 3 me­dal ga­zan­dy. Ol sprint 7,5 ki­lo­metr hem-de yzar­la­mak 10 ki­lo­metr bäs­le­şik­le­rin­de al­tyn me­da­la, ga­ry­şyk 15 ki­lo­metr­de-de bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Ola­ryň soň­ky iki­sin­de-de kü­müş me­dal­la­ry slo­wa­ki­ýa­ly Anas­ta­si­ýa Kuz­mi­na ga­zan­dy. Ga­ry­şyk 15 ki­lo­metr ýa­ry­şyn­da al­tyn me­dal şwe­si­ýa­ly Han­na Eber­giň­ki bol­dy.
* Fris­taý­lyň mo­gul gör­nü­şin­de er­kek­le­riň ara­syn­da ka­na­da­ly Mi­ka­el King­be­ri al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. 2011–2017-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da äh­li Dün­ýä Ku­bo­gyn­da-da çem­pi­on bo­lan we So­çi­de kü­müş me­dal alan 25 ýaş­ly tür­gen bu ba­şar­ny­gy­nyň üs­tü­ni Olim­pi­ýa al­tyn me­da­ly bi­len ýe­tir­di. Awst­ra­li­ýa­ly Mett Grem 2-nji, ýa­po­ni­ýa­ly Dai­ti Ha­ra 3-nji or­ny eýe­le­di.
* Fris­taý­lyň mo­gul gör­nü­şin­de ze­nan­la­ryň ara­syn­da fran­si­ýa­ly Per­rin Laff­ron al­tyn, ka­na­da­ly Žýus­tin Dýu­fur-La­puant kü­müş, ga­za­gys­tan­ly Ýu­li­ýa Ga­ly­şe­wa bü­rünç me­dal ga­zan­dy.
* Şort-trek ýa­ryş­la­ryn­da ze­nan­la­ryň ara­syn­da ita­li­ýa­ly Arian­na Fon­ta­na 500 metri 42,569 se­kunt­da ge­çip, al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Bu ugur­da gol­lan­di­ýa­ly Ýa­ra Wan Kerk­hof 2-nji, ka­na­da­ly Kim Bu­tin 3-nji ýe­ri eýe­le­di.
* Şort-trek 1500 metr ýa­ryş­la­ryn­da er­kek­le­riň ara­syn­da ýer eýe­si Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň tür­ge­ni Hýo-žun Lim al­tyn me­dal ga­zan­dy. Gol­lan­di­ýa­ly Sýin­kie Knegt kü­müş, Rus­si­ýa­dan gat­naş­ýan olim­pi­ýa­çy­lar to­pa­ry­nyň we­ki­li Sem­ýon Ýe­list­ra­tow bü­rünç me­da­la eýe bol­dy.