Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gy­nyň eýe­si, wi­se-çem­pio­n “Ahal” to­pa­ry AFK Ku­bo­gyn­da to­par­ça­lar­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. Bi­rin­ji du­şu­şyk­da “Hu­jand” to­pa­ry­ny 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war eden il­deş­le­ri­miz jo­gap oý­nun­da-da ynam­ly ne­ti­je gör­ke­zip, ady­ny to­par­ça­la­ra ýaz­dyr­ma­gy ba­şar­dy. Tä­ji­gis­ta­nyň Hu­jand şä­he­rin­dä­ki “Ga­raş­syz­ly­gyň 20 ýyl­ly­gy” sta­dio­nyn­da oý­na­lan jo­gap du­şu­şy­gy­na to­ma­şa et­mäge 25 mü­ňe go­laý jan­kö­ýer ýyg­na­nyp­dyr.
Şri lan­ka­ly emin Ni­won Ro­beş Ga­mi­ni­niň jür­le­wük ça­lan du­şu­şy­gyn­da to­par­la­ryň iki­si­ne-de bi­rin­ji ýa­rym­da ha­sa­by aç­mak ba­şart­ma­ýar. Ýog­sam iki to­pa­ram örän amat­ly pur­sat­lar dö­red­ýär. Şo­la­ryň bi­rin­de 32-nji mi­nut­da il­de­şi­miz My­rat An­na­ýe­wiň er­kin ur­gu­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ren ur­gu­sy­ny ýer eýe­le­ri­niň der­we­ze­çi­si kyn­lyk bi­len sow­ýar. 2-nji ýa­rym­da türk­men fut­bol­çy­lary has er­jel çy­kyş ed­ýär. 49-njy mi­nut­da burç­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len ur­gu­dan soň, je­ri­me meý­dan­ça­syn­da dö­rän pur­sat­dan ýer­lik­li peý­da­la­nan We­zir­gel­di Yl­ýa­sow ha­sa­by aç­ýar. 3 mi­nut­dan soň, gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jüm­de ezber hüjümçimiz Sü­leý­man Mu­ha­dow il­deş­le­ri­mi­zi 2–0 ha­sa­byn­da öňe çy­kar­ýar. Şon­dan soň ýer eýe­le­ri ha­sa­by ýy­gyr­mak üçin ta­gal­la ba­ry­ny et­se­le­rem, ola­ra ne­ti­je al­mak ba­şart­ma­ýar. Du­şu­şy­gyň 77-nji mi­nu­tyn­da “Ahal” to­pa­ry­na ha­sa­by has-da art­dyr­mak müm­kin­çi­li­gi dö­re­ýär. Ýö­ne My­rat An­na­ýe­wiň ýe­ri­ne ýe­ti­ren pe­nal­ti ur­gu­sy­ny der­we­ze­çi A. Mat­ro­sow sow­ýar. Ne­ti­je­de, “Ahal” jo­gap oý­nun­da 2–0, umu­my­lyk­da-da 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram ed­ýär we to­par­ça­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­ýar. “Ahal” to­pa­ry Mer­ke­zi Azi­ýa zo­la­gyn­da ýa-da baş­ga­ça aý­dy­lan­da, “D” to­par­ça­da çy­kyş eder. Bu to­par­ça­da bol­sa, Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny “Al­tyn asyr”, Tä­ji­gis­ta­nyň çem­pio­ny “Is­tik­lol”, Gyr­gy­zys­ta­nyň çem­pio­ny “Alaý Oş” hem-de ýur­du­my­zyň wi­se-çem­pio­ny “Ahal” to­par­la­ry öza­ra güýç sy­na­ny­şar­lar. To­par­ça­da­ky du­şu­şyk­lar 7-nji mart­da baş­lap, 16-njy maý­da-da ta­mam­la­nar. To­par­ça­da 1-nji or­ny eýe­län topar ýa­ry­şy do­wam et­di­rer. Iki to­pa­ry­myz 1-nji du­şu­şyk­la­ry­ny myh­man­çy­lyk­da ge­çi­rer­ler. “Al­tyn asyr” “Alaý Oş” bi­len, “Ahal” bol­sa, “Is­tik­lol” bi­len myh­man­çy­lyk­da du­şu­şar. Ýur­du­my­zyň 2 we­ki­li­niň ara­syn­da­ky öza­ra du­şu­şyk­lar 11-nji ap­rel­de he­mem 25-nji ap­rel­de oý­na­lar. Iki to­pa­ry­my­za-da uly üs­tün­lik ar­zuw ed­ýä­ris.