Ýe­re­wan­da Döw­let pe­da­go­gik uni­wer­si­te­ti­niň ýa­nyn­da dün­ýä­de il­kin­ji küşt yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty açyl­dy. Onuň açy­lyş da­ba­ra­sy­na bel­li küşt us­sat­la­ry – döw­let ýol­baş­çy­sy, Er­me­nis­ta­nyň Küşt fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Serž Sargs­ýan we Hal­ka­ra Küşt fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Kir­san Il­ýum­ži­now dagy gat­naş­dy­lar. Er­me­nis­tan­da küşt tä­lim­le­ri 2011-nji ýyl­da baş­lanyp­dy. Bu ýurt özü­niň küşt oý­nu­na bo­lan hy­ju­wy bi­len ta­nal­ýar we bu ýer­de dün­ýä­de il­kin­ji ge­zek bu oýun mek­dep mak­sat­na­ma­la­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Bu dö­re­di­len müm­kin­çi­lik bol­sa, ösüp gel­ýän ýaş nes­liň man­ty­gy taý­dan pi­kir­le­ni­şi­ni we ýa­dy­ny has-da ös­dü­rer. Er­me­nis­ta­nyň Küşt fe­de­ra­si­ýa­syn­da şu­nuň ýa­ly ins­ti­tu­tyň açyl­ma­gy ösü­şe oňaý­ly tä­sir edip, beý­le­ki ýurt­la­ra hem gö­rel­de bo­lup hyz­mat eder. Il­ýum­ži­now ha­bar­çy­lar bi­len gür­rüň­deş­lik­de tä­ze ins­ti­tu­tyň ada­myň akyl ýe­ti­riş uky­by­ny ös­dür­mek­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny aýt­dy.