Hyundai kompaniýasy özüniň “Hyundai Santa Fe” atly täze awtoulagyny öndürmäge taýýarlyk görýär. Awtoulagyň dizaýny juda göze gelüwli. Onuň uly ölçegi derrew ünsüňi çekip, ulagyň sygymlydygyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Modeline laýyklykda, 5-7 adam ulaga arkaýyn sygýar. Şonuň ýaly hem uly bagažy bolup, ol ýere iri zatlary ýerleşdirip bolýar. Öňünde we yzynda çyralar, onuň astynda bolsa, goşmaça iki çyra ýerleşip, gijelerine ýolda talaba laýyk görşi üpjün edýär.
Awtoulaga, esasan hem, onuň zynatly, haşamly salony görk berip, onuň bilen bagly hiç hili mesele döretmeýär. Ol awtomatik herekete geçiriji mehanizmi, täzelenen sowadyjy, ýyladyjy ulgamy we beýleki aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Kameranyň yzdaky oturan ýolagçylar barada maglumat bermegi onuň esasy täze girizilen aýratynlygyndan habar berýär. Awtoulaga kimiň münüp, kimiň düşýändigi barada ekranda mälim edilip, köplenç ulagda galýan çagalar bilen bagly döreýän ýagdaýlaryň öňüni alar. “Hyundai” kompaniýasynyň käbir awtoulaglary özüniň ýangyjy az ýakýanlygy bilen şöhratlanýar. “Hyundai Santa Fe”-niň hem ýangyjy juda az ulanýanlygy ýatlanyp geçilýär. Bu ulagyň ilkinji görkezilişi şu ýylyň mart ýa-da aprel aýynda meýilleşdirilýär.