Britan film akademiýasynyň baýraklary bolan BAFTA-nyň bu ýylky ýeňijileri mälim edildi. Londondaky Albert Holl konsertler zalynda geçirilen çärä kino sungatynyň görnükli wekilleri gatnaşdylar. Ýyldyzlaryň gyzyl halydan geçişligi bilen başlanan 71-nji BAFTA baýraklarynda iň gowy film diýlip, “Ebbi-Missuriniň çäklerindäki üç billbord” (Three Billboards Outside Ebbing, Missouri) kinosy saýlandy. Martin MakDonahyň surata düşüren bu filmi “Dýunkerk” (Dunkirk), “Tümlük wagty” (The Darkest Hour), “Suwuň şekili” (The Shape of Water) hem-de “Meni öz adyň bilen çagyr” (Call Me by Your Name) kinolaryndan tapawutlandy. Golliwuddan garaşsyz bu film ýene-de 4, jemi 5 BAFTA baýragyny gazandy. Filmde baş keşbi janlandyran Franses MakDormand iň gowy aktrisa, şeýle-de Sem Rokwell ikinji plandaky iň gowy aktýor baýragy bilen sylaglandy. Iň gowy asyl ssenariý baýragy-da bu filmiň ssenariçisi hem režissýory Martin MakDonaha berildi. Şeýle-de bu ekran eseri iň gowy britan filmi baýragyna-da laýyk görüldi. 2010–2013-nji ýyllar aralygynda BAFTA-ny alan ekran eserleriniň Oskarda-da iň gowy film saýlanandygyny belläliň. Ýöne soňky 3 ýylda bolsa, ýagdaý beýle däl.
Iň gowy aktýor diýlen ugurda BAFTA baýragyna angliýaly meşhur artist Gari Oldmen mynasyp boldy. Ol “Tümlük wagty” filminde janlandyran Çerçiliň keşbi üçin bu hormata laýyk görüldi. “Suwuň şekili” filmini surata düşüren meksikaly Gillermo Del Toro iň gowy režissýor baýragy bilen sylaglandy. Bu film 13 ugurdan dalaşgär görkezilipdi, ýöne ol 3 baýrak gazandy. Ikinji plandaky iň gowy aktrisa baýragy-da “Men, Tonýa” (I, Tonya) filmindäki keşbi üçin Allison Janneýe berildi.
Iň gowy adaptirlenen ssenariý diýlen ugurda BAFTA-ny “Meni öz adyň bilen çagyr” filminiň ssenariçisi Jeýms Aýwori eýeledi. Iň gowy dokumental film diýlip, “Men seniň Negroň däl” saýlanan bolsa, iň gowy animasiýa diýlen ugurda-da “Koko” tapawutlandy. Iňlis dilinde bolmadyk iň gowy film diýlibem Günorta koreýaly režissýor Park Çan-wukuň “Hyzmatkär” (Agassi) kinosy saýlandy. “Çyk, daşary” (Get Out) filminiň ýyldyzy Daniel Kaluýa ösüp barýan ýyldyz baýragy bilen sylaglandy.