Eýýämden adyny rowaýatylaryň hataryna altyn harplar bilen ýazdyran Rojer Federer rekordlarynyň sanyny artdyrmagyny dowam edýär. Ol Gollandiýanyň Rotterdam şäherinde geçirilen “Açyk” tennis ýaryşynda ýeňiji boldy. Şweýsariýaly tennisçi finalda bolgariýaly Grigor Dmitrowy 2 setde-de 6:2 hasaplary bilen utup, karýerasyndaky 97-nji çempionlygyny gazandy.
Şu ýaryşyň çärýek final duşuşygynyň ähmiýeti Federer üçin juda möhüm waka bolup durýardy. Çärýek finalda gollandiýaly Robin Haaseden 2:1 üstün çykan Federer, bu oýundan soň, ATP-niň sanawynda 1-nji basgançaga beýgeldi. Şeýlelikde, 36 ýaşyndaky Federer tennisiň taryhynda 1-nji orna çykan iň ýaşuly tennisçi diýen adyň täze eýesi boldy. Ondan öň rekord amerikaly Andre Agassä degişli bolup, ol 2003-nji ýylda 33 ýaşyndaky muny başarypdy. Galyberse-de, Federer 5 ýyl 106 günden soň, ATP-niň birinjiligine dolanyp, bu ugurda-da täze rekord goýdy. Bu babatda-da köne rekord 3 ýyl 142 günden soň, çür depä çykan Andre Agassä degişlidi. Rojer Federer mundan öň iň soňky sapar 2012-nji ýylyň 4-nji noýabrynda birinjiligi eýeläpdi. Ilkinji sapar mundan 14 ýyl ozal, has takygy, 2004-nji ýylyň 2-nji fewralynda ATP-niň birinji basgançagyna çykan Federer 2008-nji ýylyň 17-nji awgustyna çenli üznüksiz 237 hepdeläp, ornuny saklamagy başardy. Ol 2009-njy ýylyň 6-njy iýuly bilen 2010-njy ýylyň 6-njy iýuny aralygynda 48 hepde, 2012-nji ýylyň 9-njy iýuly bilen şol ýylyň 4-nji noýabryna çenli-de 17 hepde birinjilik basgançagynda galypdy. Federer häzirki güne çenli jemi 304 hepde sanawda 1-nji orny eýeläp, ol bu babatda-da öz rekordyny ösdürdi. Şeýle hem Federer geçen 2017-nji ýylyň ýanwaryndan bäri 70 duşuşyk geçirip, şolaryň diňe 5-sinde ýeňlişe sezewar boldy.