Şu ýyl­dan baş­lap, kä­bir düz­gün­le­ri­ne düýp­li üýt­ge­şik­lik­ler gi­ri­zi­len “NBA All Star” du­şu­şy­gy örän çe­ke­le­şik­li geç­di. Los An­je­les­dä­ki “Stap­les Center” are­na­da ge­çi­ri­len 67-nji “All Star” şü­we­le­ňin­de LeB­ron Jeým­siň to­pa­ry Ste­fen Kör­ri­niň to­pa­ry­ny ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Ba­şa-baş ýag­daý­da do­wam eden oý­nuň 1-nji ýa­ry­my 78–76 ha­sa­byn­da Jeým­siň to­pa­ry­nyň peý­da­sy­na ta­mam­lan­dy. Ikin­ji ýa­rym­da-da oý­nuň dep­gi­ni bir­ji­gem gow­şa­ma­dy. Aý­ra­ty­nam, soň­ky mi­nut­lar pleý-off du­şu­şyk­la­ryn­dan pes bol­ma­dy. Ne­ti­je­de, öz­bo­luş­ly şou du­şu­şy­gyn­da LeB­ron Jeým­siň to­pa­ry 148–145 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Du­şu­şy­gyň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy (MVP) diý­lip, LeB­ron Jeýms saý­lan­dy. 14-nji ge­zek “All Star­da” çy­kyş eden ýyl­dyz bas­ket­bol­çy 31 mi­nut­lap çy­kyş eden du­şu­şy­gyn­da 29 utuk, 10 ri­baund hem-de 8 asist­lik ne­ti­je­ler gör­kez­di. 33 ýaş­ly bas­ket­bol­çy “NBA All Star­da” 3-nji ge­zek iň gym­mat­ly oýun­çy diý­lip saý­lan­dy.