UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da ikin­ji tap­gy­ryň ga­lan 4 du­şu­şy­gynyň hem 1-nji oýun­la­ry ta­mam­lan­dy. Tap­gy­ryň mer­ke­zi du­şu­şy­gyn­da “Çel­si” öz meý­dan­ça­syn­da “Bar­se­lo­na­ny” ka­bul et­di. Mun­dan öň, 12 ge­zek du­şu­şan 2 to­pa­ryň bu ge­zek­ki du­şu­şy­gy 1–1 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. 1-nji ýa­rym­da ha­sap açyl­ma­dy. 2-nji ýa­rym­da, has ta­ky­gy, 62-nji mi­nut­da 1-nji ýa­rym­da 2 ur­gu­sy sü­tü­ne de­gip yzy­na gaý­dan bra­zi­li­ýa­ly Wil­li­an ýer eýe­le­ri­ni öňe çy­kar­dy. Ýö­ne myh­man­la­ryň go­ly-da gi­jik­me­di. 75-nji mi­nut­da go­rag­çy­la­ryň ýal­ňyş­ly­gyn­dan peý­da­la­nan ka­ta­lon­lar Lio­nel Mes­si­niň zarp­ly ur­gu­sy bi­len ha­sa­by deň­le­di. Bu pök­gi Lio­nel Mes­si­niň “Çel­si­niň” der­we­ze­sin­den ge­çi­ren il­kin­ji go­ly bo­lup, ol mun­dan öň “Çel­si­niň” garşysyna geçiren 8 duşuşygynda-da gol ge­çi­rip bil­män­di. Hat­da şo­la­ryň bi­rin­de su­per ýyl­dy­za pe­nal­ti­ni-de dürs ur­mak ba­şart­man­dy. “La Li­ga­da” Lio­nel Mes­si­niň gol ge­çir­me­dik to­pa­ry ýok diýen ýaly. Ol Ýew­ro­ku­bok­lar­da-da “Bar­se­lo­na” bi­len ga­bat­la­şan to­par­la­ryň kö­pü­si­ne bir­nä­çe gol sa­lyp­dy. Ýö­ne nä­çe müm­kin­çi­lik bol­sa-da, “Çel­si” to­pa­ry si­şen­be gün­ki oý­na çen­li Mes­si­niň gol­la­ryn­dan go­ran­ma­gy ba­şa­ryp­dy. Ine, ahy­ry “Çel­si” hem su­per ýyl­dy­zyň gol­la­ryn­dan öz ne­si­be­si­ne dü­şenini al­dy. “Çel­si”–“Bar­se­lo­na” du­şu­şy­gy 6-njy ge­zek deň­lik­de gu­tar­dy. Öň­ki oýun­lar­da “Çel­si” 4, “Bar­se­lo­na” 3 ge­zek ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.
Il­kin­ji gezek to­par­ça­da 1-nji ýe­ri alyp, 2-nji tap­gy­ra ýol­lan­ma alan “Be­şik­taş” güýç­li to­par bi­len bi­je aty­şyp­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň “Ba­wa­ri­ýa” to­pa­ry öňem 2 ge­zek 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňen gar­şy­da­şy­nyň to­ru­ndan bu sa­par jo­gap­syz 5 pök­gi gi­riz­di. 16-njy mi­nut­da “Be­şik­ta­şyň” go­rag­çy­sy Do­ma­goý Wi­da­nyň gy­zyl pe­tek al­ma­gy ne­mes to­pa­ry­nyň işi­ni has hem ýe­ňil­leş­dir­di. 1-nji ýa­ry­myň ahy­ryn­da, 43-nji mi­nut­da To­mas Mül­ler ha­sa­by açdy. 53-nji mi­nut­da Kings­li Ko­man, 66-njy mi­nut­da ýe­ne-de Mül­ler ta­pa­wut­la­nyp, ha­sa­by 3–0-a ýe­tir­di. 79-njy we 88-nji mi­nut­lar­da-da Ro­bert Le­wan­dows­ki 2 gol ge­çi­rip, gar­şy­da­şy­nyň jo­gap oý­ny üçin ga­lan bar­ja umyt­la­ry­ny-da pu­ja çy­kar­dy.
Uk­rai­na­nyň “Şaht­ýo­ry” öz meý­dan­ça­syn­da “Ro­ma­ny” ka­bul et­di. 1-nji ýa­ry­myň ta­mam­lan­ma­gy­na 4 mi­nut ga­lan­da, soň­ky wagt­la­ryň gol­çy oýun­çy­sy Jen­giz Ün­der ital­ýan to­pa­ry­ny öňe saý­la­dy. 2-nji ýa­rym­da bol­sa, has ne­ti­je­li çy­kyş eden to­par ýer eýe­le­ri bo­lup, 52-nji mi­nut­da Fer­reý­ra, 71-nji mi­nut­da-da Fred “Şaht­ýo­ra” ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy­lar bol­dy. “Şaht­ýo­r” “Ro­ma­ny” öňem 2 gezek utupdy.
Ikin­ji tap­gy­ryň 1-nji du­şu­şyk­la­ry­nyň gol ge­çi­ril­me­dik ýe­ke-täk oý­ny Is­pa­ni­ýa­da oý­nal­dy. “Se­wil­ýa” bi­len “Man­çes­ter Ýu­naý­te­diň” ara­syn­da­ky oýun­da to­par­lar nä­çe jan et­selerem, ta­rap­la­ryň iki­si­ne-de ta­pa­wut­lan­mak ba­şart­ma­dy. Aý­ra­ty­nam, ýer eýe­le­ri­ne iň­lis to­pa­ry­nyň is­pan der­we­ze­çi­si Da­wid De Heany geçmek juda kyn düşdi. Ussat derwezeçi birnäçe howply pursatda toparyny goldan halas etdi.