Günorta Koreýanyň Phýonçhan şäherinde geçirilýän XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary tamamlanyp barýar. 9-njy fewralda başlan ýaryş ertir, ýagny 25-nji fewralda tamamlanar. 22-nji fewrala çenli hasaba alanyňda, medallaryň sanawynda 13 altyn medal gazanan 2 döwlet Norwegiýa bilen Germaniýa 1–2-nji orunlary paýlaşýarlar. Ýöne kümüş medallarda artykmaçlyk görkezen Norwegiýa 1-nji basgançagy eýeleýär.  Norwegiýaly lyžaçy Marit Býorgen Phýonçhandaky 4-nji medalyny gazanyp, ol gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhyndaky iň köp medally türgen diýen adyň ýeke-täk eýesi boldy.

* Ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky ly­ža­ly ýa­ry­ş sportunyň sprint to­par­la­ýyn gör­nü­şin­de ABŞ 1-nji, Şwe­si­ýa 2-nji, Nor­we­gi­ýa-da 3-nji or­ny eýe­le­di. Nor­we­gi­ýa­nyň adyn­dan we­kil­çi­lik eden Ma­rit Býor­gen gyş­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da­ky 14-nji me­da­ly­ny ga­za­nyp, bu ugur­da re­kor­dyň ýe­ke-täk eýe­si bol­dy. Ol mun­dan öň­ki re­kor­dy wa­tan­da­şy, meş­hur tür­gen 13 me­dal­ly Ole Eý­nar Býor­gen­da­len bi­len paý­laş­ýar­dy. Solt Leýk Si­ti – 2002-den bä­ri gyş­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şyp gel­ýän 37 ýaş­ly Ma­rit Býor­gen Phýonç­han­da 4 me­dal ga­za­nyp, ola­ryň sa­ny­ny 14-e ýe­tir­di (7 al­tyn, 4 kü­müş, 3 bü­rünç). Bu ýa­ryş­da er­kek­le­riň ara­syn­da Nor­we­gi­ýa al­tyn, Rus­si­ýa­dan gat­naş­ýan olim­pi­ýa­çy­la­r kü­müş, Fran­si­ýa-da bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy.
* Hok­keý bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky fi­nal­da iki goň­şy döw­le­tiň ýy­gyn­dy­la­ry ABŞ bi­len Ka­na­da du­şuş­dy. Oý­nuň esa­sy hem-de goş­ma­ça wagt­la­ry 2–2 deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Pe­nal­ti­ler­de 3–2 öňe saý­la­nan ame­ri­ka­ly gyz­lar 20 ýyl­dan soň, bu ugur­da al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Bu ABŞ-nyň hok­keý­dä­ki 2-nji çem­pi­on­ly­gy bo­lup, olar mun­dan öň 1998-nji ýyl­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy­lar. Yz­ly-yzy­na 4 al­tyn me­dal alan ka­na­da­ly­lar bu sa­par kü­müş me­dal bi­len oň­ňut et­me­li bol­du­lar. Rus­si­ýa­dan gat­naş­ýan olim­pi­ýa­çy­la­ry 3–2 ha­sa­byn­da utan Finl­ýan­di­ýa bü­rünç me­da­l gazandy.
* Fi­gu­ra­la­ýyn typ­ma­gyň buz­da tans gör­nü­şin­de ka­na­da­ly jü­büt­ler Tes­sa Wir­tu bi­len Skott Mo­ir ýe­ňi­ji bol­dy. Ola­ryň gys­ga prog­ram­ma­da ga­za­nan 83,67 hem-de umu­my­lyk­da top­lan 206,07 utuk­la­ry dün­ýä re­kor­dlary­na deň bol­dy. Bu ola­ryň fi­gu­ra­la­ýyn typ­ma­gyň buz­da tans gör­nü­şin­de ga­za­nan 3-nji Olim­pi­ýa al­tyn me­da­ly bo­lup, umu­my­lyk­da-da Olim­pia­da­da­ky 5-nji al­tyn me­dal­la­ry­ny eýe­le­di­ler. Buz­da tans gör­nü­şin­de fran­si­ýa­ly Gab­ri­el­la Pa­pa­da­kis bi­len Gu­il­lau­me Si­ze­ron 2-nji, ame­ri­ka­ly do­gan­lar Maia bi­len Aleks Şi­bu­ta­ni­ler 3-nji or­na my­na­syp bol­dy.
* Fi­gu­ra­la­ýyn typ­mak­da er­kek­le­riň ara­syn­da­ky ýe­ke­le­ýin bäs­le­şik­de 23 ýa­şyn­da­ky ýa­po­ni­ýa­ly Ýu­zu­ru Han­ýu 317,85 utuk bi­len bas­syr 2-nji Olim­pi­ýa al­tyn me­dalyny ga­zan­dy. Ol 1948-nji we 1952-nji ýyl­lar­da al­tyn me­dal alan ame­ri­ka­ly Dik Bat­ton­dan soň, buz­da tans gör­nü­şi­nde Olim­pi­ýa çem­pi­on­ly­gy­ny go­ra­ma­gy ba­şa­ran il­kin­ji er­kek tür­gen­dir. Han­ýu­nyň wa­tan­da­şy Şo­ma Uno 2-nji, is­pa­ni­ýa­ly Ha­wi­er He­ran­des 3-nji ýe­ri eýe­le­di.
* Fi­gu­ra­la­ýyn typ­mak bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky ýe­ke­le­ýin ýa­ryş­da Rus­si­ýa­dan gat­naş­ýan olim­pi­ýa­çy­lar to­pa­ry­nyň 2 we­ki­li 15 ýaşly Ali­na Za­gi­to­wa bi­len 18 ýaşyndaky Ýew­ge­ni­ýa Med­we­de­wa de­giş­li­lik­de, al­tyn we kü­müş me­da­llara my­na­syp bol­dy. 3-nji or­ny bol­sa, ka­na­da­ly Ke­it­lin Os­mond eýe­le­di. Bu rus­si­ýa­ly olim­pi­ýa­çy­la­ryň şu Olim­pia­da­da ga­za­nan il­kin­ji al­tyn me­da­ly bol­dy.
* Bi­at­lon bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da­ky mass-start 15 ki­lo­metr ýa­ry­şyn­da fran­si­ýa­ly Mar­ten Fur­kad ýe­ňi­ji bol­dy. 2-nji ýe­ri eýe­län Si­mon Şempp ýe­ňi­ji bi­len bir ne­ti­jä­ni gör­kez­se-de, sä­hel­çe ta­pa­wut bi­len Fur­kad ýe­ňiş ga­zan­dy. Furkad 12,5 ki­lo­metr­lik bäs­le­şik­de-de, to­par­la­ýyn ýa­ryş­da-da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Şeý­le­lik­de, 29 ýaş­ly Fur­ka­dyň Olim­pi­ýa me­dal­la­ry­nyň sa­ny 7-ä ýet­di (5-si al­tyn). Bi­at­lon­da ze­nan­la­ryň ara­syn­da to­par­la­ýyn 4×6 ki­lo­metr ýa­ry­şyn­da Be­la­ru­syň ýy­gyn­dy­sy ýe­ňiş ga­zan­dy. Şwed­ler 2-nji, fran­suz­lar 3-nji or­ny eýe­le­di.
* Er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fris­taýl hal­paýp ýa­ry­şyn­da ame­ri­ka­ly De­wid Waýz Olim­pi­ýa çem­pi­on­ly­gy­ny go­ra­ma­gy ba­şar­dy. So­çi­de hem ýe­ňi­ji bo­lan Waýz 97,2 utuk top­la­dy. Wa­tan­da­şy Aleks Fer­rei­ra 2-nji, Tä­ze ze­lan­di­ýa­ly Ni­ko Por­te­us 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. 16 ýaş­ly Por­teu­syň ga­za­nan bü­rünç me­da­ly, Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň gyş­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da alan 3-nji me­da­ly­dyr.
* Şort-trek 3000 metr es­ta­fe­ta to­par­la­ýyn ýa­ryş­da ze­nan­lar­da ýe­ne-de Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy al­tyn me­dal ga­zan­dy. Ko­re­ýa­ly şort-trek­çi gyz­lar 6-njy ge­zek Olim­pi­ýa çem­pio­ny bol­dy. 2-nji ýe­ri ital­ýan­lar eýe­län bol­sa, Hy­taý bi­len Ka­na­da­nyň ýa­ryş­dan çy­ka­ryl­ma­gyn­dan soň, “B” fi­na­ly­nyň ýe­ňi­ji­si Ni­der­land­lar dün­ýä re­kor­dy­ny go­ýup, bü­rünç me­dal ga­zan­dy.
* Şort-trek erkekleriň arasyndaky 5000 metr toparlaýyn ýaryşda Wengriýanyň ýygyndysy Olimpiýa rekordyny goýup (6 minut 31,971 sekunt), altyn medal gazandy. Hytaý 2-nji, Kanada 3-nji orny eýeledi.
* Şort-trek erkekleriň arasynda ýekeleýin 500 metr bäsleşiginde hytaýly U Daszin 39,584 sekuntlyk görkeziji bilen dünýä rekordyny goýdy. Mundan 4 ýyl ozal, Soçide kümüş alan 23 ýaşly Daszin bu gezek altyn medalyny baýram etdi. 2–3-nji orunlary-da ýer eýeleriniň türgenleri – Hwan De Hon bilen Lim Hýo Žun paýlaşdy.
* Dag ly­ža­sy ýa­ryş­la­ry­nyň da­un­hill gör­nü­şin­de ze­nan­la­ryň ara­syn­da ita­li­ýa­ly So­fi­ýa Goj­ja al­tyn, nor­we­gi­ýa­ly Rag­nild Mo­win­kel kü­müş hem-de dün­ýä bel­li ame­ri­ka­ly ly­ža­çy Lind­seý Wonn bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy.
* Bobs­leý bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da­ky iki­le­ýin ýa­ryş­da al­tyn me­da­ly ka­na­da­ly hem-de ger­ma­ni­ýa­ly tür­gen­ler paý­laş­dy­lar. Iki to­pa­ram 3 mi­nut 16,86 se­kunt­da pel­le­ha­na gel­di­ler. 3-nji ýe­ri Lat­wi­ýa eýe­le­di. Bobs­leý boýunça ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky iki­le­ýin ýa­ryş­da-da Ger­ma­ni­ýa öňe saý­lan­dy. Ame­ri­ka­ly gyz­lar 2-nji, ka­na­da­ly ze­nan­lar bol­sa, 3-nji or­na my­na­syp bol­dy.
* Ske­le­ton­da er­kek­ler­den ýer eýe­si G. Ko­re­ýa­nyň tür­ge­ni Sun-bin Ýun al­tyn, Rus­si­ýa­dan gat­naş­ýan olim­pi­ýa­çy Ni­ki­ta Tre­gu­bow kü­müş, B. Bri­ta­ni­ýa­dan Do­mi­nik Par­sons bü­rünç me­dal ga­zan­dy. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da ýe­ňiş Be­ýik bri­ta­ni­ýa­ly Liz­zi Ýar­nol­dyň ta­ra­pyn­da bol­dy. Ger­ma­ni­ýa­ly Je­kue­lin Löl­ling 2-nji, ýe­ňi­ji­niň wa­tan­da­şy Lau­ra De­as 3-nji bol­dy.
* Iki gör­nüş­li ly­ža ýa­ryş­la­ryn­da 3 al­tyn me­da­ly-da ger­ma­ni­ýa­ly ly­ža­çy­lar ga­zan­dy. Uly tramp­lin 10 ki­lo­metr ýa­ry­şyn­da Ýo­han­nes Ryd­zek al­tyn, onuň wa­tan­daş­la­ry Fa­bi­an Riess­le kü­müş, Erik Fren­zel bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Ada­ty tramp­lin 10 ki­lo­metr bäs­le­şi­gin­de Erik Fren­zel 1-nji, ýa­po­ni­ýa­ly Aki­to Wa­ta­be 2-nji, awst­ri­ýa­ly Lu­kas Klap­fer 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Es­ta­fe­ta uly tramp­lin 4×5 km bäs­le­şi­gin­de Ger­ma­ni­ýa­nyň to­pa­ry mün­be­riň çür de­pe­sin­e çyk­dy. Nor­we­gi­ýa bi­le­nem Awst­ri­ýa 2–3-nji ýerlere my­na­syp bol­dy.
* Tramplinden lyžaly bökmek ýaryşlarynyň “K–125” görnüşinde erkekleriň arasynda polşaly Kamil Stoh altyn medal gazandy. “K–98”-de ýeňiji bolan germaniýaly Andreas Wellinjer 2-nji, norwegiýaly Robert Ýohansson 3-nji ýeri eýeledi. “K–125” toparlaýyn bäsleşikde-de norwegler altyn, nemesler kümüş, polýaklar bürünç medal gazandy.
* Snou­bord kros ýa­ry­şyn­da fran­si­ýa­ly Pi­er Wal­ti­er So­çi­den soň, Phýonç­han­da-da al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Awst­ra­li­ýa­ly Jar­rid Hýuz kü­müş, is­pa­ni­ýa­ly Re­gi­no Her­nan­des bü­rünç me­da­ly eýe­le­di.