Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da Ko­ro­llygyň bo­ta­ni­ka ba­gyn­da il­kin­ji ge­zek dün­ýä flo­ra­sy­nyň giň ge­rim­li bar­lag­la­ry ge­çi­ri­lip, ylym­da je­mi 390 müň 900 gör­nüş­li ösüm­li­giň bar­dy­gy mä­lim edil­di. Bu ba­ra­da 10-njy maý­da “BBC News” ha­bar ber­di. Bo­ta­ni­ka­dan hü­när­men­ler mag­lu­mat­la­ryň bar bo­lan gor­la­ry­ny öw­ren­di­ler we ol ýer­de köp gaý­ta­lan­ma­la­ryň üs­tün­den ba­ryp, şol bir ösüm­lik dür­li at­lar bi­len ha­sa­ba al­nan eken. Hem­me­si­ni jem­läp aý­da­nyň­da, alym­lar 390 müň 900 gör­nüş­li ösüm­lik­le­riň sa­ny­nyň üs­tün­de du­rup, olar­dan 369 müň 400 sa­ny­sy­nyň gül­li ösüm­lik­di­gi­ni öňe sür­dü­ler.
Bar­lag ge­çi­ri­ji­le­r ösüm­lik­le­riň müň­ler­çe gör­nüş­le­ri­niň he­niz ýa­zy­lyp hä­si­ýet­len­di­ril­män­di­gi­ni tas­syk­la­ýar­lar. Bu açyş­lar yzy­gi­der­li do­wam ed­ýär. Şeý­le­lik­de, 2015-nji ýyl­da 2034 sa­ny tä­ze ösüm­lik ýa­zylyp be­ýan edil­di. Ola­ryň sa­na­wyn­da 45 met­re çen­li ös­ýän “Gil­ber­tio­dend­ron maximum” (Ga­bon) aga­jy we 90 gör­nüş­li be­go­ni­ýa ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Tä­ze ösüm­lik­le­ri köplenç Hy­ta­ýyň, Awstra­li­ýa­nyň we Bra­zi­li­ýa­nyň bo­ta­ni­k­le­ri aç­ýar­lar. 2015-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da alym­lar Ýer to­ga­la­gyn­da­ky agaç­la­ryň umu­my muk­da­ry­nyň ha­sa­by­ny çy­kar­dy­lar. Gö­rüp otur­sa­lar, ola­ryň sa­ny üç tril­li­on­dan hem geç­ýän eken.