Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti ýo­ka­ry ösü­şe eýe bol­ýar. Hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si has-da ýo­kar­lan­ýar. Halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da, ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da-da ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baştutanlygynda il­kin­ji ge­zek ýe­ne-de bir hü­när baý­ram­çy­ly­gy­ny giň­den bel­le­me­giň bo­sa­ga­syn­da du­rus. Mä­lim bol­şy ýa­ly, mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, her ýy­lyň 7-nji mar­ty Ulag­lar we ara­gat­na­şyk top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­niň gü­ni hök­mün­de bel­lenýär.

Pu­da­gyň iş­gär­le­ri­niň hü­när baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len bir­nä­çe iri ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my­na de­giş­li hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki tas­la­ma­la­ra ba­dal­ga be­ril­di we des­ga­lar ulan­ma­ga tab­şy­ryl­dy.
Şeý­le hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Že­ne­wa­da­ky (Şweý­sa­ri­ýa) eda­ra­syn­dan hoş ha­bar ge­lip go­wuş­dy. Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň 2019-2020-nji ýyl­lar dö­wür üçin Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy­nyň (BMG-niň ÝYK) içer­ki ulag bo­ýun­ça ko­mi­te­ti­niň dü­zü­mi­ne saý­la­nyl­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my­na de­giş­li hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň gyz­gyn gol­da­wy­na eýe bol­ýar. Bu ba­bat­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ulag ul­ga­myn­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da bir­nä­çe Re­zol­ýu­si­ýa­lar ka­bul edil­di. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça il­kin­ji Äh­lu­mu­my mas­la­hat ge­çi­ril­di.
Umu­man, bu­la­ryň äh­li­si ýur­du­my­zyň be­lent hal­ka­ra ab­ra­ýy­na, türk­men Li­de­ri­niň ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­myn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­ga gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek hem-de Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça no­bat­da­ky Äh­lu­mu­my mas­la­ha­ty ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gör­mek ba­bat­da tä­ze hu­kuk we gu­ra­ma­çy­lyk esas­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ul­gam­la­ýyn iş­ler do­wam ed­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­myn­da­ky kuw­wa­ty Ga­za­gys­tan-Türk­me­nis­tan-Eý­ran trans­mil­li po­lat ýo­lu­nyň, Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den geçýän hä­zir­ki za­man de­mir ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­le­ri­niň, Azi­ýa hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si­niň il­kin­ji no­bat­da­ky­sy bo­lan Ker­ki-Ymam­na­zar-Aki­na de­mir ýo­lu­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi­ni, Aş­ga­bat-Türk­men­ba­şy ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gurulmagy, Ha­za­ryň ke­na­ryn­da Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de tä­ze hal­ka­ra de­ňiz men­zi­li­niň ta­mam­la­nyp bar­ýan gur­lu­şy­gy­ny na­za­ra ala­nyň­da, has-da aý­dyň gö­rün­ýär.
“Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şy­gar as­tyn­da geç­ýän 2018-nji ýyl hem ulag ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan iri tas­la­ma­lar bi­len üsti ýetirilýär. Bir­nä­çe gün mun­dan öň, 23-nji few­ral­da Ser­he­ta­bat-Tur­gun­dy de­mir ýo­ly ulan­ma­ga be­ril­di.
Ser­he­ta­bat (Türk­me­nis­tan) – Tur­gun­dy (Ow­ga­nys­tan) de­mir ýo­lu­nyň açyl­ma­gy bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ow­ga­nys­ta­ny Türk­me­nis­ta­nyň ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­na we onuň üs­ti bi­len gat­naw ýol­la­ry­nyň hal­ka­ra ul­ga­my­na goş­mak ba­ra­da­ky pi­ki­ri dur­mu­şa geç­ýär. Po­lat ýol­lar we aw­to­mo­bil ýol­la­ry Tur­gun­dy şä­he­ri­ni Aş­ga­bat bi­len, on­dan aň­ry bi­len hem Ha­zar­da Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra de­ňiz men­zi­li bi­len bir­leş­dir­ýär. Soň­ra ge­çel­ge Ha­za­ryň üs­ti bi­len Ba­ku­wa çen­li, soň­ra Tbi­li­si­niň üs­ti bi­len An­ka­ra we Stam­bu­la çen­li do­wam eder.

RA­ÝAT AWIA­SI­ÝA­SYN­DA
TÄ­ZE RE­KORD
Ýur­du­my­zyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň dü­zü­mi­niň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy hem-de teh­ni­ki taý­dan gaý­ta­dan en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň ulag ul­ga­myn­da tap­gyr­la­ýyn ama­la aşy­ryl­ýan iri möç­ber­li öz­gert­me­le­riň aý­ryl­maz dü­züm bö­le­gi­dir. Ra­ýat awia­si­ýa­sy­na içer­ki we hal­ka­ra gat­naw­la­ryn­da ýük da­şa­mak­da hem-de ýo­lag­çy gat­nat­mak­da mö­hüm orun de­giş­li­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýolbaşçylygynda iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan “Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2012-2030-njy ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy” esa­syn­da ýur­du­my­zyň ra­ýat awia­si­ýa­sy düýp­li öz­ger­dil­ýär hem-de tä­ze ho­wa men­zil­le­ri gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­ýär.
Bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal, şeý­le tas­la­ma Bal­kan we­la­ýa­tyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de bi­na edi­len Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li Ha­za­ryň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ke­nar­ýa­ka­syn­da ke­ma­la ge­ti­ril­ýän “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň ýü­zü­ne öw­rül­di.

Soň­ra paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da iň bir hä­zir­ki za­man ho­wa men­zil­le­ri­niň bi­ri ulan­ma­ga be­ril­di. Ol hem öz­bo­luş­ly bi­na­gär­çi­li­gi hem-de teh­no­lo­gik iş­jeň­li­gi bi­len ýo­ka­ry ba­ha my­na­syp bol­dy hem-de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­di.
Ine, in­di bol­sa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zin­de Türk­me­na­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň döw­re­bap top­lu­my açyl­dy. Ol Azi­ýa­ny hem-de Ýew­ro­pa­ny bir­leş­dir­ýän ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry­nyň hal­ka­ra ul­ga­my­nyň mö­hüm bö­le­gi bo­lar.
Türk­men gur­lu­şyk­çy­la­ry­nyň yh­las­ly zäh­me­ti bi­len bi­na edi­len ho­wa men­zi­li howp­suz, yg­ty­bar­ly hem-de ne­ti­je­li ho­wa gat­naw­la­ry­ny üp­jün edip, sa­gat­da 500 ýo­lag­ça hyz­mat et­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Tä­ze ho­wa men­zi­li­niň des­ga­la­ry 600 gek­tar­dan gow­rak ägirt uly giň meý­dan­a uza­lyp gid­ýär. Giň ýo­lag­çy ter­mi­na­lyn­da ga­raş­mak, tiz bel­li­ge al­mak we ýo­lag­çy­la­ry ug­rat­mak üçin has oňaý­ly şert­ler dö­re­di­lip­dir. Te­les­ko­pi­k trap­lar, mag­lu­mat tab­lo­lar, hal­ka­ra we şä­he­ra­ra ara­gat­na­şyk no­kat­la­ry, goş-go­la­my­ňy sak­lan­ýan ýer ýo­lag­çy­la­ryň hyz­ma­tyn­da bo­lar. Uçmaga ga­raş­ýan ýo­lag­çy­lar üçin zal oňaý­ly otur­gyç­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lyp­dyr. Ola­ryň yg­ty­ýa­ryn­da oňaý­ly ka­fe­te­ri­ýa­lar, gar­ba­nyş­ha­na­lar, söw­da no­kat­la­ry, CIP zal, “Du­ty free” dü­kan­lar, in­ter­net-ka­fe we beý­le­ki hyz­mat­lar hem bar. Bi­na­da es­ka­la­tor­la­ryň 9-sy hem-de lift­le­riň 19-sy gur­na­lyp­dyr. Türk­me­na­ba­dyň ho­wa men­zi­li­niň uçuş-go­nuş zo­la­gy­nyň uzyn­ly­gy 3800 metr we ini 60 metr­dir. Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň çäk­le­rin­de luk­man­çy­lyk mer­ke­zi, na­har­ha­na, 100 orun­lyk myh­man­ha­na, üs­ti ýa­pyk aw­to­du­ral­ga ýer­leş­ýär. “Ho­wa gä­mi­si­niň” işi­ni üp­jün et­jek hem­me ze­rur ul­gam­lar, el­ti­ji in­že­ner­çi­lik we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry çe­kil­di.
Ho­wa men­zi­li­niň gi­rel­ge­si­niň öňün­de türk­men ha­ly­sy­nyň gö­lü­niň keş­bin­de owa­dan suw çüw­dü­rim­le­ri gur­lup­dyr, meý­da­ny 37 müň ine­dör­dül metr bo­lan ýo­lag­çy ter­mi­na­ly­nyň bi­na­sy bol­sa, ýo­kar­dan se­re­de­niň­de, Oguz ha­nyň ýyl­dy­zy­na ça­lym ed­ýär. Şu ýyl­dyz Türk­me­na­ba­dyň ho­wa men­zi­li­ni Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­riz­di.
Bu in­no­wa­si­on tas­la­ma hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2016-njy ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Le­bap we­la­ýa­ty­na bo­lan iş sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da aý­dan tek­lip­le­ri göz öňün­de tu­tu­lyp, iş­le­ni­lip taý­ýar­la­nyl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ta­ra­pyn­dan ýa­kyn gel­jek üçin kes­git­le­nen esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dün­ýä­niň ulag ul­ga­my­na yzy­gi­der­li go­şu­lyş­mak hem-de Gün­do­gar-Gün­ba­tar we De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta ugur­la­ryn­da gat­naw­la­ry we çat­ryk­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýan baş ýol­lar bo­ýun­ça dü­züm­le­riň has-da gi­ňel­dil­me­gi ýa­ly we­zi­pe­ler bar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, bu ugur­lar bo­ýun­ça mö­hüm ulag ge­çel­ge­le­ri­niň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny tä­ze­den di­kelt­mek mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­mak­da hem-de Ýew­ra­zi­ýa­nyň iki yk­dy­sa­dy gi­ňiş­lik­le­ri­ni bir­leş­dir­mek ba­bat­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu tas­la­ma Gü­nor­ta we Gün­do­gar ugur­la­ryn­da Hy­ta­ýa çy­kar­mak bi­len Hin­dis­ta­ny, Pa­kis­ta­ny, Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň hem-de Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ry­ny hal­ka­ra ulag ul­ga­my­na bi­rik­dir­mek müm­kin­çi­li­gi­ni hem göz öňün­de tut­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ata­lyk ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de, yh­las­ly zäh­met çek­ýän ulag hem-de ara­gat­na­şyk top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­ni hü­när baý­ram­çy­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­rys. Mäh­ri­ban Pre­zi­den­ti­mi­ziň sa­ýa­syn­da ulag we ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li tas­la­ma­lar tä­ze­den di­kel­dil­ýän Be­ýik Ýü­pek ýo­ly ar­ka­ly halk­la­ry ýa­kyn­laş­dyr­ýar hem-de dost­luk-do­gan­lyk ýol­la­ry­na öw­rül­ýär.