Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň 23-nji few­ra­ly Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň se­ne­na­ma­sy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ser­he­ta­bat et­ra­byn­da hem-de Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Hy­rat şäherinde ta­ry­hy wa­kalar bol­dy. Bu ýer­de asy­ryň iri tas­la­ma­sy, türk­men te­bi­gy ga­zy­ny Gü­nor­ta Azi­ýa ýurt­la­ry­na elt­jek – Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan (TOPH) trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­niň no­bat­da­ky tap­gy­ry­na, has ta­ky­gy, ow­gan bö­le­gi­niň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň we Ow­ga­nys­ta­nyň Pre­zi­dent­le­ri, Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri, Hin­dis­ta­nyň döw­let mi­nist­ri, şeý­le hem köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar gat­naş­dy.
Azi­ýa­nyň gel­je­gi­niň ener­gi­ýa köp­rü­si hök­mün­de hyz­mat et­jek TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si ar­ka­ly 33 mil­liard kub­metr möç­be­rin­de türk­men ga­zy­ny iber­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. 1840 ki­lo­metr uzyn­ly­gyn­da­ky tur­ba ge­çi­ri­ji­si ar­ka­ly ak­dy­ryl­jak türk­men te­bi­gy ga­zy Azi­ýa ýurt­la­ryn­da­ky do­gan­la­ry­my­zyň oja­gy­ny ýy­la­dar.
TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy oňa gat­na­şy­jy ýurt­lar ta­ra­pyn­dan gur­lu­şy­gy­na baş­la­nan il­kin­ji gü­nün­den bä­ri he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­lan­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2015-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da bu tas­la­ma­nyň türk­men bö­le­gi­niň düý­bi tu­tu­lyp­dy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýa­daw­syz ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de, bu tas­la­ma ha­ky­ka­ta öw­rü­lip, iş­jeň ýag­daý­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň stra­te­gik äh­mi­ýe­ti nä­me­ler­den yba­rat?
Bi­rin­ji­den, se­bit­de ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün edip, se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da ys­ny­şyk­ly yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na hyz­mat eder. Ikin­ji­den, türk­men hal­ky­nyň köp asyr­lyk goň­şu­sy Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da pa­ra­hat dur­mu­şyň hö­küm sür­me­gi­ne, yk­dy­sa­dy taý­dan tä­ze­den gal­kyn­ma­gy­na hem-de döw­let gaz­na­sy­na köp muk­dar­da peý­da ge­tir­me­gi­ne şert dö­re­der. Üçün­ji­den bol­sa, Pa­kis­ta­nyň hem-de Hin­dis­ta­nyň ös­ýän yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne bo­lan ze­rur­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin stra­te­gik bin­ýat bo­lar.
Bu tas­la­ma­nyň ta­mam­lan­ýan ýeri Pa­kis­tan bi­len Hin­dis­ta­nyň ser­he­din­dä­ki Fa­zil­ka ilat­ly no­ka­dy­dyr. Yk­dy­sa­dy taý­dan ýo­ka­ry dep­gin­ler­de ös­ýän Hin­dis­tan türk­men ga­zy­nyň il­kin­ji kub­metr­le­ri­ni al­maga sa­byr­syz­lyk bilen garaşýar. Dün­ýä bel­li “Bri­tish Pet­ro­le­um” (BP) kom­pa­ni­ýa­sy­nyň taý­ýar­lan “BP Ener­gy Out­lo­ok-2018 Edi­ti­on” mag­lu­mat­na­ma­sy­na gö­rä, Hin­dis­ta­nyň 2040-njy ýy­la çen­li bir ýyl­da­ky te­bi­gy gaz sarp ediş muk­da­ry 145 mil­liard kub­met­re deň bo­lar. Hä­zir­ki wagt­da Hin­dis­tan her ýyl 50 mil­liard kub­metr­den gow­rak te­bi­gy gaz sarp ed­ýär. Bu gör­ke­zi­ji her ýyl 4,5 gö­te­rim kö­pe­ler. Hä­zir­ki wagt­da ýurt­da 32 mil­liard kub­metr gaz ön­dü­ril­ýär. 2040-njy ýyl­da bu gör­ke­zi­ji­ni 51 mil­liard kub­met­re ýe­tir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le­lik­de, 22 ýyl­dan soň­ra Hin­dis­ta­nyň 94 mil­liard kub­metr te­bi­gy ga­zy sa­tyn al­mak ze­rur­ly­gy ýü­ze çy­kar. Şu gör­ke­zi­ji­ler­den gör­nü­şi ýa­ly, TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Bu gaz ge­çi­ri­ji­ ar­ka­ly ibe­ril­jek te­bi­gy gaz Hin­dis­ta­nyň gaz üp­jün­çi­li­gi­ne oňyn täsirini ýetirer.
Asy­ryň tas­la­ma­sy­nyň Pa­kis­tan üçin äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dy­lan­da, bu ýer­de Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Şa­hid Ha­kan Ab­ba­si­niň da­ba­ra­ly çä­re­ler­de eden çy­ky­şy­na ünsi çek­mek zerur. Hor­mat­ly myh­man öz çy­ky­şyn­da TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň Pa­kis­ta­nyň ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge esas dö­re­dip, te­bi­gy gaz ze­rur­ly­gy­nyň 20 gö­te­ri­mi­ni üp­jün et­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Onuň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, TOPH tas­la­ma­sy hem ener­ge­ti­ka hem-de kom­mu­ni­ka­si­ýa ge­çel­ge­si­ne öw­rül­di. Bu tas­la­ma bi­len bi­le­lik­de ama­la aşy­ryl­jak Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji­si hem Pa­kis­ta­nyň bar­ha art­ýan elekt­rik ener­gi­ýa ze­rur­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne şert dö­re­der.
“Ata­wa­tan Türk­me­nis­tan” hal­ka­ra žur­na­ly­nyň in­ter­net saý­tyn­da­ky ha­ba­ra gö­rä, hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­de sarp edil­ýän ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň 17 gö­te­ri­mi ABŞ-da, 12 gö­te­ri­mi Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de, 23 gö­te­ri­mi Hy­taý­da, 5 gö­te­ri­mi­ Hin­dis­tan­da sarp edil­ýär. 2040-njy ýy­la çen­li dö­wür­de bu gör­ke­zi­ji­niň ABŞ-da 13 gö­te­ri­me çen­li azal­ma­gy­na, ÝB-de 8 gö­te­ri­me çen­li azal­ma­gy­na, Hy­taý­da 24 gö­te­ri­me çen­li art­ma­gy­na, Hin­dis­tan­da bol­sa, 2 es­se­den hem gow­rak ar­typ, 11 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu bol­sa, türk­me­niň “ma­wy al­ty­ny­na” uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän Hy­ta­ýyň hem-de Hin­dis­ta­nyň ýe­ne san­ly­ja ýyl­dan dün­ýä ener­gi­ýa ba­za­ry­nyň üç­den bi­rin­den gow­ra­gy­ny eýe­le­jek­di­gi­ni gör­kez­ýär.

TOPH GAZ TAS­LA­MA­SY
DÜN­ÝÄ MET­BU­GA­TYN­DA
Ta­ry­hy wa­ka­lar dün­ýä met­bu­ga­tyn­da giň ses­len­me dö­ret­di. Tas­la­ma gat­na­şy­jy ýurt­lar bi­len bir ha­tar­da Ýew­ro­pa we Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Arap ýurt­la­ry­nyň, goň­şy ýurt­la­ryň, ga­ly­ber­se-de, ABŞ-nyň met­bu­ga­tyn­da TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň se­bit üçin örän äh­mi­ýet­li tas­la­ma­dy­gy mä­lim edil­di. Dün­ýä­niň iň ab­raý­ly ne­şi­ri ha­sap­lan­ýan, gün­de­lik 571 müň, dynç gün­le­ri 1 mil­li­on­dan gow­rak, elekt­ron gör­nüş­de 2,5 mil­li­on oky­jy­sy bo­lan ABŞ-nyň “The New York Ti­mes” ga­ze­tin­de “Pa­ra­hat­çy­lyk gaz ge­çi­ri­ji­si” söz­ba­şy bi­len giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne asy­ryň tas­la­ma­sy­nyň ta­ry­hy çä­re­le­ri ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­ýär. Şeý­le hem Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­si “Eu­ro­news” te­le­ýaý­ly­myn­da Ma­ry top­ra­gyn­da­ky da­ba­ra­lar “Gaz+pa­ra­hat­çy­lyk: Mer­ke­zi Azi­ýa­da TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­ne ga­ra­şyl­ýar” di­ýen mow­zuk bi­len te­le­to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ril­di.

ASY­RYŇ TAS­LA­MA­SY­NA
ULY GY­ZYK­LAN­MA
Asy­ryň iri ener­gi­ýa tas­la­ma­sy­na di­ňe gat­na­şy­jy ýurt­lar däl, eý­sem, goň­şy ýurt­lar hem uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ser­he­ta­bat­da­ky da­ba­ra­la­ra Ga­za­gys­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň we beý­le­ki ýurt­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­li döw­let ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Go­laý­da, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ener­ge­ti­ka mi­nist­ri Per­wiz Şah­ba­zow öz ýur­du­nyň met­bu­ga­ty­na be­ren be­ýa­na­tyn­da, TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tu­tuş Azi­ýa se­bi­ti­niň hal-ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga go­şant goş­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Köp san­ly ýurt­lar, hu­su­san-da, ga­zak, öz­bek, türk kom­pa­ni­ýa­la­ry bu tas­la­ma gat­naş­ma­ga is­leg bil­dir­ýär.

Şa­mil Roz­na­za­row,
“Za­man-Türk­me­nis­tan”.