Şu ýy­lyň 1-3-nji mar­ty ara­ly­gyn­da dä­be öw­rü­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň XIV ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem goň­şy ýur­duň yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­liş çä­re­si bi­len bir ha­tar­da türk­men-eý­ran işe­wür­ler fo­ru­my hem gu­ral­dy. Oňa gat­naş­mak üçin EYR-nyň se­na­gat, mag­dan­lar we söw­da mi­nist­ri Moham­mad Şa­ri­at­ma­da­ri­niň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýol­baş­çy­lar­dan yba­rat we­kil­çi­lik­li to­par gel­di.
Türk­men paý­tag­ty­na ge­len myh­man hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan hem ka­bul edil­di. Du­şu­şyk­da söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da türk­men-eý­ran hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gel­je­gi ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Aş­ga­bat­da­ky söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň bi­na­syn­da her ýyl ge­çi­ril­ýän eý­ran­ly ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si­ne 60-dan gow­rak eý­ran kom­pa­ni­ýa­la­ry gat­na­şyp, öz önüm­le­ri­ni gör­kez­di­ler.
Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da oňa gat­na­şy­jy­la­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ibe­ren Gut­la­gy okal­dy. On­da “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýyl­da ge­çi­ril­ýän bu çä­re­le­riň köp­ta­rap­ly türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ril­ýän­di­gi nyg­tal­ýar.
EYR-nyň se­na­gat, mag­dan­lar we söw­da mi­nist­ri Mo­ham­mad Şa­ri­at­ma­da­ri ser­gä gat­na­şy­jy­la­ra hem-de myh­man­la­ra gut­lag söz­le­ri bi­len ýüz­le­nip, şu ge­zek­ki iri möç­ber­li ser­gi­niň öza­ra bäh­bit­li iki­ta­rap­la­ýyn hyzmat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne, söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gyna ýar­dam ber­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Ser­gi­de gur­lu­şyk se­na­ga­tyn­da, ýy­la­dyş we so­wa­dyş ul­gam­la­ry üçin se­na­gat en­jam­la­ry­ny çy­kar­ýan önüm­çilik­de, guş­çu­lyk­da hem-de mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ryn­da, azyk pu­da­gy we ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­lyk­la­ry üçin enjam­la­ry ön­dür­ýän iri kär­ha­na­la­ryň önüm­le­ri gör­ke­zil­di.
Ser­gä yzy­gi­der­li gat­naş­ýan­la­ryň ha­ta­ryn­da “Iran Khod­ro” mil­li aw­to­mo­bil gur­lu­şy­gy kon­sor­siu­my­nyň we­ki­li bar. Bu ser­gi­de 2018-nji ýy­la de­giş­li “Peu­ge­ot”, “Re­nault”, “De­na+”, “Ari­san” ky­sym­ly ýe­ňil aw­to­mo­bil­leriň bir­nä­çe nus­ga­la­ry gör­ke­zil­di. Ola­ryň äh­li­si hä­zir­ki za­man ýew­ros­tan­dart­la­ry­nyň, ener­gi­ýa tyg­şyt­la­mak we daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­di­ri­lip­dir.
EYR-nyň il­çi­ha­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky me­de­ni mer­kez, “Sa­de­rat-Eý­ran” ban­ky­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­sy hem ser­gi­de öz bö­lüm­le­ri­ni gu­ra­dy­lar.
2-nji mart­da türk­men-eý­ran işe­wür­ler mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di, onuň do­wa­myn­da iki ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri gel­jek­de söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gynyň me­se­le­le­ri­ni, mil­li ösüş me­ýil­na­ma­la­ry­ny hem-de se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len has amat­ly ugur­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.