Türkmenistanyň bahasyna ýetip bolmajak taryhy-medeni mirasy bilen dünýä jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmak bu ýaryşlaryň esasy maksatlarynyň biridir. “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan häzirki ýylda ýurdumyz özüniň bu gadymy ýoluň möhüm çatrygy hökmündäki ornuny gaýtadan dikeldýär. Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan we eýýäm giň halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken “Amul–Hazar 2018” awtoralli, ylgaw we welosiped sport ýaryşlary bu işlere, gürrüňsiz, täze itergi berer. Bu sport çäreleri ynsanperwer gatnaşyklarynyň, şeýle hem tutuş sport ulgamynyň ösdürilmegine uly goşant goşar.
Şu hepdäniň başynda Amul topragynda iki sport ýaryşyna – ylgaw we welosiped ýaryşyna badalga berildi, olara ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli islendik adam gatnaşyp biler. Şeýlelikde, agzybirlikde birek-birege goldaw berlip, Amuldan Hazara çenli aralyk üstünlikli geçiler.
2018-nji ýylyň 9–14-nji sentýabry aralygynda geçiriljek “Amul-Hazar 2018” awtorallisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde häzirki wagtda iri möçberli awtoralli ýaryşlaryny geçirmekde baý tejribeleri bolan “Amaury Sport Organisation” we “Eсo Raсe” fransuz kompaniýalary bilen deslapky gepleşikler geçirilýär. Konsalting, utgaşdyrmak, daşary ýurtlardan dürli sport toparlaryny çagyrmak boýunça hyzmatlaryň edilmegine, şeýle hem dünýä belli teleýaýlymlarynda we beýleki habar beriş serişdelerinde çäreleri beýan etmek we mahabat etmek işlerine üns berilýär.
Daşary ýurtly ýaryşa gatnaşyjylar türkmen halkynyň baý mirasy bilen tanyşmak bilen çäklenmän, eýsem düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehniki ösüşler hem-de häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunda möhüm ulag merkezi hökmünde ornuny berkidýän ýurdumyzyň sebitleriniň senagat taýdan ösen ýerlerinde gaýnap joşýan täze durmuşy görmäge mümkinçilik alarlar.
Ralli ýaryşynyň geçiriljek ugrunyň deslapky çyzgysy taýýarlanyp, ol bäş tapgyra bölündi. Olar Amul–Mary, Mary–Derweze, Derweze–Türkmen köli, Türkmen köli–Ýaňgala, Ýaňgala–Awaza ugurlarydyr. Mundan başga-da, ýaryşlaryň tehnologik üpjünçiligi, şol sanda GSP – utgaşdyrma, hemra aragatnaşygy, uçarlaryň ugratmagy, biwuaklary we iýmiti guramak, awtoulaglara ýangyç guýmak üçin daşary ýurtly hünärmenleri çekmek ýaly meseleleri işlemek wezipeleri durýar.