Berkarar ýurdumyza bahar pasly geldi. Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde tutuş dünýäde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda-da 8-nji mart – Halkara zenanlar güni giňden bellenip geçilýär.
Bedew batly Watanymyzda mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi we perzent terbiýelemegi üçin döwletimiz tarapyndan uly goldaw berilýär hem-de ähli mümkinçilikler döredilýär.
Baýramçylygyň öň ýanynda tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, aýal-gyzlara 2018-nji ýylyň 1-6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 40 manat möçberinde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.
Halkara zenanlar gününiň eziz Diýarymyzda ajaýyp däp-dessurlaryň berjaý edilip, giňden bellenilmeginiň özi döwletimizde zenanlar hakynda ägirt uly aladanyň edilýändiginiň subutnamasydyr. Milli Liderimiz aýal-gyzlaryň kanuny bähbitleriniň, hukuklarynyň goralmagyna we döwlet tarapyndan üpjün edilmegine jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hökmünde garaýar hem-de şu maksat bilen bimöçber işleri durmuşa geçirýär. Häzirki döwürde zenanlarymyzyň döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, ylym we bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda önjeýli zähmet çekmegine, telekeçilik işi bilen meşgullanmagyna, jemgyýetçilik işlerine gatnaşyp, Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerine mynasyp goşant goşmagyna ajaýyp mümkinçilikleriň döredilmegi aýal-gyzlara, enelere çäksiz hormat goýulýandygynyň aýdyň beýanydyr.
2008-nji ýylda hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Ene mähri” diýen hormatly adyň döredilmegi döwletimiziň köp çagaly eneleri aýratyn üns-alada we goldaw bilen gurşap alýandygynyň güwänamasyna öwrüldi. Bu ada 8 we ondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlar mynasyp bolýarlar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça “Zenan kalby” ordeni hem döredildi. Onuň ady watandaş zenanlarymyzyň – beýik döredijileriň we zähmetsöýerleriň, milletimiziň mukaddes ruhy gymmatlyklaryny we ynsanperwer däplerini saklaýjylaryň belent jemgyýetçilik derejesini äşgär edýär.
Eziz Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň barha artýan döwründe halkymyzy jebisleşdirýän, milli bitewüligimizi has-da berkidýän hem-de belent sepgitlere ruhlandyrýan mylaýym, güler ýüzli mährem enelerimiziň, asylly gyz-gelinlerimiziň mertebesi hemişe belent bolsun! Janyňyz sag, ömrüňiz uzak, maşgala ojaklaryňyz abadan bolsun, nurana ýüzleriňiz hemişe gülüp dursun!
Baýramyňyz-baýramlara, toýuňyz-toýlara ulaşsyn, mähriban zenanlar!