Sin­ga­pur döw­le­tin­de 2017-nji ýyl­da býu­jet­de 9,61 mil­liard sin­ga­pur dol­la­ry möç­be­rin­de ar­tyk­maç­lyk eme­le gel­di. Ýur­duň hö­kü­me­ti bu pul se­riş­de­le­ri­niň bir bö­le­gi­ni hal­ka paý­la­ma­gy, ga­lan bö­le­gi­ni bol­sa, inf­rast­ruk­tu­ra hem-de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na gö­nük­dir­mek ba­bat­da ka­rar ka­bul et­di.
Ýur­duň je­mi içer­ki önü­mi­niň 2,1 gö­te­ri­mi­ne deň bo­lan bu pul möç­be­ri soň­ky 30 ýy­lyň iň köp muk­dar­da­ky ar­tyk­maç­ly­gy bol­dy. Wal­ýu­ta alyş-çal­şy­gyn­da­ky üýt­geş­me­ler se­bäp­li döw­let býu­je­tin­de ar­tyk­maç­lyk peý­da bolup­dyr. Ýur­duň hö­kü­me­ti hem bu ba­bat­da hal­ky şat­lan­dy­ran ka­rar ka­bul et­di. 9,61 mil­liard sin­ga­pur dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lan pul se­riş­de­si­niň 5 mil­li­ar­dy tä­ze po­lat ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na, 2 mil­li­ar­dy sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na sarp edi­ler, ga­lan bö­le­gi bol­sa, hal­ka paý­la­nar. 21 ýaş­dan uly bo­lan ila­tyň äh­li gat­la­gy­na gir­de­ji­si­niň ýag­da­ýy­na gö­rä, 100-300 dol­lar ara­ly­gyn­da pul paý­la­nar.
Sin­ga­pur­da şeý­le ýag­daý 2011-nji ýyl­da-da bolupdy. Şon­da ila­ta 100-800 dol­lar ara­ly­gyn­da pul baý­rak­la­ry ber­lip­di.