Dünýäniň iň baý adamy, “Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos adam eli degmezden, 10 müň ýyl işlejek sagat diňiniň gurulmagyna badalga berdi.
– Täze medeniýetler dörär, täze dolandyryş ulgamlary peýda bolar. Hiç kim 10 müň ýyldan soňra dünýäniň nähili boljakdygyny göz öňüne getirip bilmez. Ýöne biz muny sagadyň kömegi bilen geçeris – diýip, Bezos gürrüň berýär.
Ol özüniň “Twitter” resmi sahypasynda ägirt uly sagat mehanizminiň gurnama işleriniň wideo şekillerini görkezdi. Bu taslama üçin 42 million dollar gönükdirildi. Haçan-da, gurnama işleri tamamlandan soňra ol syýahatçylara açylar. Bu taslama ABŞ-nyň Tehas ştatynyň günbataryndaky dagyň gowagynda amala aşyrylýar.
Bezosyň aýtmagyna görä, sagat howanyň ýylylygynyň gündiz hem-de gije üýtgäp durmagynyň hasabyna hereket eder. “Amazon”-yň esaslandyryjysynyň belleýşi ýaly, uzak wagtlyk oýlanmagyň nyşany bolan bu taslamanyň üstünde alymlar Denni Hillis, Zander Rouz we uly topar işleýär. Sagat diňiniň beýikligi 152 metre barabar bolar.
Taýýarlan Altyn Ussaýewa,
S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.