Sag­dyn, owa­dan bol­mak we özü­ňi ru­hu­be­lent duý­mak üçin dür­li wi­ta­min­le­ri ka­bul et­me­giň ze­rur­ly­gy ýok. Onuň üçin öz so­wa­dy­jy­ňy peý­da­ly önüm­ler bi­len dol­dur­ma­ly. Şeý­le önüm­le­riň birnäçesini Bri­ta­ni­ýa­nyň “The Ti­mes” ga­ze­ti ne­şir edip­dir. Ne­şi­riň so­wal­la­ry­na jo­gap be­ren luk­man­lar iň el­ýe­ter­li, ýo­kum­ly we yn­san be­de­ni­niň dür­li ul­gam­la­ry­ny ber­kid­ýän we sa­gald­ýan önüm­le­riň sa­na­wy­ny mä­lim et­di­ler. Şol peý­da­ly önüm­le­riň sa­na­wy­ny oky­jy­la­ryň dyk­ga­ty­na hö­dür­le­ýä­ris: noý­ba, gök çaý, ba­lyk, pet­ruş­ka, al­ma, greýpf­rut (ajym­tyk-süý­ji ta­gam­ly mi­we), po­mi­dor, nar, ýer al­ma­sy, sü­le ýar­ma­sy, gaý­na­dy­lan ýu­murt­ga, gök no­hut, gu­ra­dy­lan ga­ra­ly, ga­ra şo­ko­lad, ir-iý­miş­ler, zeý­tun, ba­dam, burç, ma­ka­ron.