Dakar Rallisiniň 2008-nji ýylda yklymy üýtgedilip, Günorta Amerika göçürilmeginden soň, Afrikada iri bäsleşik galmandy. Ýöne degişli guramaçylar dessine täze bäsleşigi ýola goýdular. “Afrika Eko reýsi” (Africa Eco Race) diýlip atlandyrylýan bu ýaryş 2009-njy ýyldan bäri yzygiderlilikde geçirilip gelinýär. Bu halkara bäsleşik Senegalyň paýtagty Dakardan başlanýar. Soňra Mawritaniýanyň hem-de Marokkonyň çäklerinden geçip, Fransiýanyň dürli şäherlerinde (Marsel, Sent-Siprien, Monte-Karlo) tamamlanýar. Sürüjiler ýeňil, ýük awtoulaglary bilen bir hatarda, motosikl boýunça hem özara bäsleşýär. Ýyl saýyn abraýy göterilýän ýaryşyň uzynlygy 6500 kilometre deňdir. Häzirki wagtda bu ýaryşyň guramaçysy bolup çykyş edýän fransiýaly meşhur sürüji, 69 ýaşyndaky Žan-Lui Şlesser geçirilen 9 ýaryşyň başdaky 6-synda ýeňiş gazandy.