Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len “Ýü­pek ýo­ly” Ral­li­si il­kin­ji ge­zek 2009-njy ýyl­da ge­çi­ril­di. Şol ta­ry­hy Ka­zan–Aş­ga­bat Ral­li­sin­de is­pa­ni­ýa­ly meş­hur sü­rü­ji Kar­los Saýns ýe­ňil aw­tou­lag­lar bo­ýun­ça ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Şon­dan bä­ri-de “Ýü­pek ýo­ly” Ral­li­si dür­li ugur­lar bo­ýun­ça 7 ge­zek ge­çi­ril­di. Ýa­ryş 2016-njy we 2017-nji ýyl­lar­da Rus­si­ýa­nyň paý­tag­ty Mosk­wa­dan baş­lap, de­giş­li­lik­de Hy­ta­ýyň Pe­kin hem-de Si­an şä­her­le­rin­de ta­mam­lan­dy. Ýe­ňil aw­tou­lag­la­ryň ara­syn­da­ky il­kin­ji 2 ýa­ryş­da Kar­los Saýns, 2011-nji ýyl­da Mosk­wa–So­çi bäs­le­şi­gin­de pol­şa­ly Kris­tof Ho­low­çik, Mosk­wa–Ge­len­jik 2012 ýa­ry­şyn­da rus­si­ýa­ly Bo­ris Ga­da­sin, 2013-nji ýyl­da­ky Mosk­wa–Ast­ra­han Ral­li­sin­de Žan-Lui Şles­ser ýe­ňiş ga­zan­dy. 2014-nji we 2015-nji ýyl­lar­da bäs­le­şik gu­ral­ma­dy. Soň­ky 2 ýyl­da-da Fran­si­ýa­nyň dün­ýä bel­li pi­lot­la­ryn­dan Si­ril Dep­re pel­le­ha­na hem­me­ler­den öňür­ti gel­me­gi ba­şar­dy. Ýük ulag­la­ry­nyň ara­syn­da­ky bäs­le­şik­de-de ge­çi­ri­len 7 ýa­ry­şyň 6-syn­da “Ka­maz” to­pa­ry­nyň we­kil­le­ri çem­pi­on di­ýen ady eýe­le­di.