Bu hal­ka­ra gu­ra­ma Fran­si­ýa­nyň me­dia to­pa­ry EPA-nyň ga­ra­ma­gyn­da bo­lup, ol 1992-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da dö­re­dil­di. “Amau­ry Sport Or­ga­ni­sa­ti­on” (ASO) hä­zir­ki wagt­da bir­nä­çe hal­ka­ra ýa­ry­şyň baş gu­ra­ma­çy­sy bo­lup çy­kyş ed­ýär. ASO dö­re­di­len ýy­lyn­dan bä­ri dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy we­los­port ýa­ry­şy bo­lan “Tur de Frans” gu­ra­ma­çy­ly­gy­na jo­gap ber­ýär. Ony meş­hur­ly­ga ýe­ti­ren ýa­ryş Da­kar Ral­li­si bäs­le­şi­gidir. 2008-nji ýyl­da Af­ri­ka­da ge­çi­ril­me­dik ýa­ry­şyň or­nu­na Or­ta Ýew­ro­pa­da ge­çi­ri­len Da­kar Ral­li­si­niň äh­li gu­ra­ma­çy­ly­gy­ny öz üs­tü­ne al­ýar. Şon­dan bäri hem Da­kar Ral­li­si­niň baş gu­ra­ma­çy­sy bo­lup çy­kyş ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu gu­ra­ma Pa­riž, Bar­se­lo­na ma­ra­fon­la­ry­ny hem-de ýa­rym ma­ra­fon­la­ry­ny, Li­on, Mar­sel ma­ra­fon­la­ry ýa­ly yl­gaw ýa­ryş­la­ry­ny, “Tur de Frans”, Pa­riž – Ru­be, Pa­riž–Nis­sa, Li­ež–Bas­ton–Li­ež, Pa­riž – Tur, “Wu­el­ta Is­pa­ni­ýa” (“Uni­pub­lic” bi­len bi­le­lik­de), “Tur Ka­tar”, “Tur Oman”, “Tur Pe­kin”, “Tur Pi­kar­di”, “Kri­te­ri­um Do­fi­ne”, “Kri­te­ri­um Sai­ta­ma”, “Rok d’Azur” ýa­ly we­los­port bäs­le­şik­le­ri­ni, Fran­si­ýa­nyň “Açyk” golf çem­pio­na­ty­ny, “Lacos­te” ze­nan­lar “Açyk” golf çem­pio­na­ty­ny, “Gran-Pri Schwep­pes” golf ýa­ry­şy­ny, “Tur de Frans a la voile” ýah­ta bäs­le­şi­gi­ni, Da­kar Ral­li­si­ni hem-de bir­nä­çe atça­py­şy­k ýa­ryş­la­ry­ny gu­ra­ýar.