Adaty ýollarda geçirilmeýän ýaryşlaryň iň kyny-da ady belli Dakar Rallisi bäsleşigidir. Adyny Senegalyň paýtagty Dakar şäherinden alýan ýaryş ilkinji gezek 1979-njy ýylda geçirilýär. Bu bäsleşige 1977-nji ýylda fransiýaly sürüji Tierri Sabiniň Sahara çölünde azaşmagy sebäp bolýar. Sabiniň kellesine şol wagt çölde ulag ýaryşlarynyň geçirilip biljekdigi barada pikir gelýär. Şondan bäri-de her ýylyň ýanwar aýynda geçirilip gelinýän bäsleşik 2008-nji ýyla çenli Ýewropa bilen Afrika yklymyny özüne mesgen tutupdy. Şol ýyldan bäri-de abraýly bäsleşik Günorta Amerikanyň çöllerinde, daglarynda, baýyrlyklarynda, batgalyklarynda geçirilýär. Şu ýyl 40-njy sapar geçirilen ýaryşa umumylykda ýeňil we ýük ulaglary, motosikl hem-de kuadrasikl boýunça sürüjileriň 300-e golaýy gatnaşýar. Iki hepdeläp dowam edýän ýaryşda sürüjiler 9 müň kilometr töweregi ýol geçýärler. Dakar Rallisinde iň köp ýeňiji bolan sürüji fransiýaly Stefan Peteranseldir. Ol 7 sapar ýeňil ulaglarda, 6 gezegem motosikl ýaryşlarynda ýeňiş gazandy.