Taryhy çeşmelere ser salanymyzda, ilkinji awtomobil bäsleşigi 1894-nji ýylyň 22-nji iýulynda şol wagtky “Le Petit Journal” atly žurnalyň guramagynda Pariž–Ruan şäherleriniň aralygynda geçirilipdir. 126 kilometrlik bu bäsleşige 21 ulag gatnaşypdyr. Şolaryň arasynda soň-soňlar dünýäniň öňdebaryjy awtomobil öndürijileriniň hatarynda öňdäki orunlary eýelän awtomobil şereketleriniň eýeleri Karl Benz, Gottlib Daýmler, Wilhelm Meýbah dagy hem bardy. Bu ýaryşdan öňem 1867-nji ýylda Angliýada, 1887-nji ýylda Parižde başgaçarak görnüşde bäsleşikler guralypdyr. Ýöne grekleriň “autos” (öz-özi) hem-de latynçadaky “mobilis” (hereket edýän) diýen sözlerinden fransuzlar tarapyndan döredilen awtomobil (automobile) sözüne gabat gelýän bäsleşik hökmünde Pariž–Ruan ýaryşy hasaba alynýar. Ine, şondan bäri-de tehnologiýanyň-da ösmeginiň netijesinde häzirki wagtda dünýäde onlarça görnüşli awtomobil bäsleşikleri geçirilýär. Şol bäsleşikleriň hemmesine diýen Halkara Awtomobil federasiýasy (FIA) jogap berýär. 1904-nji ýylyň 20-nji iýunynda döredilen bu guramanyň merkezi edarasy Fransiýanyň paýtagty Parižde ýerleşýär. Fransiýaly Žan Todduň ýolbaşçylyk edýän bu halkara guramasynyň 145 döwletde 246 motorly topar agzasy bar. FIA-nyň resmi dili hökmünde iňlis, fransuz we italýan dilleri ulanylýar. Hasabatlara görä, häzirki günde ýer togalagynda 80 milliona golaý adam awtomobil sportlarynyň dürli görnüşleri bilen professional derejede meşgullanýar. FIA-nyň garamagyndaky esasy bäsleşikler barada aýdylanda, Formula 1 bilen Dünýä Ralli çempionaty ýaryşlary iň naýbaşylary hasaplanýar. Bulardan başga-da FIA-nyň guramaçylygynda Ýeňil awtomobilleriň arasyndaky Dünýä çempionaty (World Touring Car Championship), Berdaşlylyk boýunça Dünýä çempionaty (FIA World Endurance Championship), täzelikde ýola goýlan Rallikros Dünýä çempionaty (FIA World Rallycross Championship) ýaryşlaryny agzamak bolar.