Türkmenistanyň hokkeý ýygyndy topary Dünýä çempionatynyň III diwizionynyň saýlama tapyrynda üstünlikli çykyş etdi. Türkmen hokkeýçileri Bosniýa we Gersogowinanyň paýtagty Saraýewodaky “Dzetra” buzly meýdançasynda geçiren 3 duşuşygynda-da uly hasaply ýeňiş gazandy. Ildeşlerimiz ilki BAE-niň ýygyndysyny 4–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 2-nji duşuşygynda Kuweýtiň milli topary bilen duşuşdy. Birinji taýmda 8, ikinjide 7, üçünjide-de 9 şaýba geçiren türkmen hokkeýçileri 24–2 hasabynda ýeňiş gazandy. 3-nji duşuşygyny ýer eýeleri bilen geçiren Türkmenistanyň milli topary bu oýunda-da şowly çykyş etdi. 1-nji taýmda ýer eýeleri 3–1 öňe saýlanan hem bolsa, 2–3-nji taýmlarda degişlilikde, 5 we 7 şaýba geçiren ildeşlerimiz 13–3 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. 3 duşuşykda 41 gol geçiren milli toparymyz 9 utuk toplady. Bu netijelerden soň, Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy geljek ýyl 3-nji diwizionda çykyş eder. Geçirilen 3 duşuşykda şahsy görkezijileri babatda-da milli toparymyzyň ezber oýunçylary Döwlet Söýünow hem-de ýygyndymyzyň kapitany Ahmet Gurbanowyň hersi 6 gol geçirdi. Ildeşlerimizden Pawel Barkowskiniň 8, Amangeldi Aganiýazowyň 7, Ahmet Gurbanow bilen Aleksandr Wahowskiniň-de 6 gol pasyny berendigini hem belläliň.