Phýonçhan – 2018 gyşky Olimpiýa oýunlaryna 92 ýurt gatnaşyp, olaryň 30-sy azyndan bir medal aldy. Bu bolsa, şu wagta çenli geçirilen gyşky Olimpiadalardaky iň ýokary görkezijidir. Şeýle-de şu gyşky oýunlarda jemi 13 sany Dünýä hem-de Olimpiýa rekordy goýuldy.
Medallaryň sanawynda Norwegiýa 1-nji orny eýeledi. Germaniýa bilen bir hatarda, 14 altyn medal gazanan Norwegiýa kümüş medallarynyň sany boýunça öňe saýlandy. Skandinawly türgenler kümüş medallaryň-da 14-sini alyp, bu babatda nemeslerden 4 medal artykmaçlyk görkezdi. Olar bürünç medallarda-da iň netijeli çykyş eden olimpiýaçylar boldy. Norwegiýa bürünç medallaryňam 11-sini gazanyp, üç medal görnüşinde-de 10-dan köp medal toplamagy başardy. Norwegiýadan öň diňe ABŞ 2002-nji ýylda 3 medal görnüşinde-de 10 we 10-dan köp medal gazanypdy (10–13–11). Şonda ABŞ Norwegiýadyr Germaniýadan soň, 3-nji ýeri eýeläpdi. Phýonçhanda medal sanawynda Kanada 3-nji, ABŞ 4-nji, Niderlandlar 5-nji orna mynasyp boldy.
Norwegiýa umumylykda 39 medal gazanyp, bu babatda rekordyň täze eýesi boldy. Köne rekord ABŞ-nyň türgenlerine degişli bolup, olar Wankuwer – 2010-da jemi 37 medal gazanypdylar. Skandinawlar gazanan 14 altyn medaly bilen Kanadanyň Wankuwer – 2010-da goýan rekordyny gaýtalady. Norwegiýaly gyşky olimpiýaçylar medallaryň sanawynda 8-nji gezek 1-nji orny eýelediler. Olardan öňde öňki Soýuzy-da hasaba alanyňda, Russiýa 9 gezek bilen 1-nji hatarda barýar. Şeýle-de Wengriýa taryhynda ilkinji gezek gyşky Olimpiadada altyn medal gazanmagy başardy.
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlarynda iň köp medaly sportuň lyžaly ýaryş görnüşi boýunça bäsleşen norwegiýaly zenan Marit Býorgen gazandy. 37 ýaşyndaky lyžaçy 2 altyn, 1 kümüş, 2 bürünç, jemi 5 medal aldy. Sportuň şu görnüşinde çykyş eden şwesiýaly zenanlar Şarlott Kallanyň (1 altyn, 3 kümüş) bilen Stina Nillsonyň (1 altyn, 2 kümüş, 1 bürünç) hem-de russiýaly ýaş türgen Aleksandr Bolşunowyň (3 kümüş, 1 bürünç) hersi 4 medaldan gazanmagy başardy. Iň köp altyn medaly bolsa, norwegiýaly lyžaçy Ýohannes Hýosflot Klebo bilen fransiýaly tanymal biatlonçy Martin Furkad gazandy. Olaryň ikisem Phýonçhandan 3 altyn medal bilen dolandylar.
Phýonçhan – 2018-de 5 medal gazanan Marit Býorgeniň umumylykda toplan medallarynyň sany 15-e ýetdi. Şeýlelikde, Býorgen gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda iň köp medally türgen bolmagy başardy. Ondan öňürti bu adyň eýesi, Býorgeniň watandaşy meşhur biatlonçy Ole Eýnar Býorndalendi. Ol 13 medal alypdy. Solt Leýk Siti – 2002-den bäri gyşky Olimpiýa oýunlarynda çykyş edip gelýän Býorgen şol ýyl hem-de Turin – 2006-da 1 kümüş medal gazanypdy. 2010-njy ýylda Wankuwerde 3 altyn, 1 kümüş, 1 bürünç, Soçide-de 3 altyn medal alypdy.
Üç sportda medallar paýlaşyldy. Ýagny, zenanlaryň arasyndaky 10 kilometr lyžaly ýaryşda bürünç medaly norwegiýaly hem-de finlýandiýaly türgenler özara paýlaşdylar. Bobsleýde jübütleriň ýaryşynda birmeňzeş netije görkezen kanadaly hem-de germaniýaly türgenler ýeňiji diýlip, yglan edildi. Ýene-de bobsleýde erkekleriň arasyndaky 4 adamly ýaryşda-da kümüş medaly Germaniýanyň hem-de ýer eýesi Günorta Koreýanyň türgenleri paýlaşdylar.
Üç sport görnüşinde medallaryň ählisini-de bir döwletiň wekilleri eýeledi. Konkili typmak 3000 metr zenanlaryň bäsleşiginde altyndyr kümüş hem-de bürünç medallary sportuň bu görnüşiniň ägirdi hasaplanýan Niderlandlar gazandy. Lyžaly ýaryşda erkekleriň arasyndaky 15+15 km skiatlon görnüşinde münberiň üç basgançagyna-da norwegiýaly lyžaçylar çykdy. Iki görnüşli lyža bäsleşiginiň erkekleriň arasyndaky uly tramplin 10 kilometr ýaryşynda germaniýaly türgenlere taý tapylmady.
Ýaponiýaly olimpiýaçy, 45 ýaşly Noriaki Kasai (tramplinden lyžaly bökmek) gyşky Olimpiýa oýunlaryna iň köp gatnaşan türgen diýen ugurda rekord goýdy. Ol 8-nji gezek bu sport baýramçylygynda çykyş edip, bu babatda russiýaly Albert Demçenkodan öňe saýlandy. Albertwil – 1992 gyşky Olimpiadadan bäri gatnaşyp gelýän Kasainiň iki kümüş, birem bürünç medaly bar.
Çehiýaly zenan Ester Ledeskaýa dag lyžasynyň supergigant hem-de snoubordyň parallel gigant slalom görnüşlerinden Olimpiýa çempiony bolmagy başardy. Şunlukda, 22 ýaşyndaky Ledeskaýa bir gyşky Olimpiadada 2 dürli sport görnüşinde altyn medal alan ilkinji zenan türgen diýen ady eýeledi.
Hokkeý boýunça erkekleriň arasyndaky taryhy finalda Russiýadan gatnaşýan olimpiýaçylar ýeňiş gazandy. Olar Germaniýanyň ýygyndysyny goşmaça wagtda Kaprizowyň Altyn goly bilen 4–3 hasabynda ýeňip, 26 ýyldan soň, hokkeýde altyn medala mynasyp boldy. 1-nji taýmyň iň soňky sekundynda öňe çykan ruslaryň torundan 29:32-nji minutda Şuts deňlik şaýbasyny geçirdi. 53:21-de Gusew ýene-de ruslary öňe saýlady. 53:31-de Kahun hem-de 56:44-de Müller gol geçirip, nemesleri ýeňşe golaýlatdy. Ýöne soňky sekuntlarda (59:04) Gusew duşuşygyň dowam edýändigini mälim edýän goly geçirdi. Goşmaça taýmda-da Kaprizow Altyn gol bilen toparyna altyn medal gazandyran hokkeýçi boldy. Bu ruslaryň öňki Soýuzy-da hasaba alanyňda, 9-njy altyn medalydyr.
Körling boýunça erkekleriň arasynda ABŞ ilkinji, zenanlarda-da Şwesiýa 3-nji gezek altyn medal gazandy. ABŞ finalda Şwesiýany 10:7 hasabynda utdy. Zenanlaryň arasynda welin, Şwesiýa ýer eýelerinden 8:3 hasabynda üstün çykdy. 1998-nji ýyldan bäri yzygiderlilikde Olimpiýa oýunlarynda bar bolan körlingde Kanadanyň 2 ýygyndysy-da ilkinji gezek medal alyp bilmedi. Soňky 3 ýaryşyň çempiony erkekler topary 4-nji, 2 altyn medalyň eýesi zenanlar ýygyndysy bolsa, 6-njy orny eýeledi. Kanadalylar üçin milli sport derejesinde görülýän körlingde olar şu gezeklikçe, ilkinji sapar bu Olimpiadanyň maksatnamasyna girizilen garyşyk jübütlerdäki altyn medal bilen oňňut etmeli boldular.