Her ýyl geçirilýän 6 uly marafonyň biri bolan Tokio marafonynda erkeklerden keniýaly, zenanlardan-da efiopiýaly türgenler öňe saýlandy. Erkekleriň arasynda keniýaly Dikson Çumba 2 sagat 05 minut 30 sekuntda pellehanadan geçip, 2014-nji ýyldan soň, Tokioda 2-nji sapar ýeňiş gazandy. Çumbadan 41 sekunt yza galan ýaponiýaly Ýuta Şitara milli rekordy täzeläp, 2-nji ýeri eýeledi (2:06:11). Keniýaly Amos Kipruto pellehanadan 3-nji bolup geçdi. Zenanlaryň arasynda-da efiopiýaly Birhan Dibaba 2 sagat 19 minut 51 sekuntlyk görkeziji bilen ýeňiji boldy. Onuň watandaşy Ruti Aga 2-nji, amerikaly Emi Kregg 3-nji ýeri eýeledi. Dibaba 2015-nji ýylda-da Tokioda 1-nji orny eýeläpdi.