Italiýanyň Kubogy ýaryşynda finalçylar belli boldy. Ýarym finalyň jogap oýunlarynda-da edil 1-nji duşuşyklardaky ýaly netijeler hasaba alyndy. Ýagny “Ýuwentus” “Atalantany” öz meýdançasynda-da 1–0 hasabynda utup, 19-njy gezek finala çykdy. Oýundaky ýeke-täk goly 75-nji minutda Miralem Pýaniç penaltiden derwezä girizdi. 1-nji oýunda-da “Ýuwentus” Higuainiň goly bilen ýeňiş gazanypdy. Şeýle-de “Lasio” bilen “Milanyň” arasyndaky jogap duşuşygy hem edil 1-nji oýundaky ýaly golsuz tamamlandy. Netijede, penalti urgularynda 5–4 öňe saýlanan “Milan” 15-nji sapar finala çykdy. Soňky 3 ýylyň ýeňijisi “Ýuwentusyň” 12, iň soňky sapar 2003-nji ýylda ýeňiş gazanan “Milanyň” 5 kubogy bar. “Ýuwentus” bilen “Milanyň” arasyndaky final duşuşygy 9-njy maýda Rimde oýnalar.