Soň­ky ýyl­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň gir­de­ji­si 3,4 gö­te­rim, ja­han­keş­de­le­riň sa­ny bol­sa, tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça 4,4 gö­te­rim art­dy. Bu ba­ra­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk eda­ra­sy ha­bar ber­ýär. Şeý­le­lik­de, bas­syr 4 ýyl­dan bä­ri sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy dün­ýä esk­por­tun­da çalt dep­gin­de ös­ýän pu­dak­la­ryň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar.
2015-nji ýyl­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň umu­my eks­port dü­şe­wün­di 1,4 tril­li­on dol­la­ra ba­ra­bar bol­dy. De­giş­li dö­wür­de ja­han­keş­de­le­riň sa­ny 4,4 gö­te­rim ar­typ, 1 mil­liard 184 mil­lio­na deň bol­dy. Ha­sa­bat döw­rün­de ulag hyz­ma­tyn­dan ge­len gir­de­ji 210 mil­liard dol­la­ra go­laý­la­dy.
Bü­tin­dün­ýä Söw­da gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gyn­da hyz­mat­la­ryň hem-de ha­ryt­la­ryň umu­my eks­por­tun­da beý­le­ki pu­dak­la­ra ga­ra­nyň­da, 6-7 gö­te­rim ösüş ga­za­nyl­dy. Eks­port ugur­ly pu­dak­la­ryň sa­na­wyn­da sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my ýan­gyç-ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­dan we hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­dan soň­ra üçün­ji orun­da dur­ýar. ABŞ (178 mlrd $), Hy­taý (114 mlrd$), Is­pa­ni­ýa (57 mlrd$) we Fran­si­ýa (46 mlrd$) ýa­ly döw­let­ler sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da hem gir­de­ji hem-de ja­han­keş­de sa­ny bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Hy­ta­ýyň, ABŞ-nyň we Be­ýik Bri­ta­ny­ýa­nyň ra­ýat­la­ry da­şa­ry ýurt­la­ra sy­ýa­hat et­me­gi ha­la­ýar­lar we bu ba­bat­da hy­taý­ly­la­ryň has uly ta­pa­wut bi­len öň­de bar­ýan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Şeý­le hem olar örän sa­hy ja­han­keş­de­ler­dir. Hy­taý­ly­la­ryň 2015-nji ýyl­da sarp eden pu­lu­nyň möç­be­ri 292 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy. 128 mil­li­on­dan gow­rak hy­taý­ly syýahat et­di. 73 mil­li­on­dan gow­rak ame­ri­ka­ly ja­han­keş­dä­niň çyk­da­jy­la­ry 120 mil­liard dol­la­ra go­laý­la­dy.