Gadymy türkmen topragyna özüniň ýylysy bilen bahar pasly geldi. Bu paslyň ilkinji baýramçylyklarynyň biri hem Halkara zenanlar günüdir. Bu baýramçylyk Diýarymyzda milli däp-dessurlara laýyklykda bellenilýär, bu bolsa halkymyzyň aýal-gyzlara, ilkinji nobatda bolsa, kümüş saçly enelere goýýan belent sarpasyny beýan edýär.
Halkara zenanlar gününiň dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden bellenilip geçildi. Baýramçylygyň şanyna tutulan dabaralaryň birnäçesi paýtagtymyz Aşgabatda geçirildi. Paýtagtymyzyň medeniýet merkezlerinde şowhunly baýramçylyk konsertleri guraldy. Olaryň hormatly myhmany enelerimiz hem-de mähriban gelin-gyzlar boldy.
8-nji martyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň enelerimiziň iki ýüzden gowragyna “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekmegi ýurdumyzda zenanlarymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu hormatly at ýokary tapawutly dereje bolup, eneleriň jemgyýetimiziň we döwletimiziň öňünde bitiren hyzmatlarynyň, Watanymyzyň ösüşine we abadançylygyna goşan uly goşantlarynyň ykrarnamasydyr.
Şeýle hem häzirki döwürde köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn işler döwlet derejesinde alnyp barylýar. Paýtagtymyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli bu maşgalalara milli Liderimiziň adyndan belent ýaşaýyş jaýyndan ähli amatlyklary bolan täze giň öýleriň açarlary gowşuryldy.
Ýurdumyzy gurşap alan baýramçylyk dabaralarynyň ýene-de biri Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda guraldy. Baýramçylygyň guramaçylary – Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi we Aragatnaşyk ministrligi oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan zähmetde, çagalary terbiýelemekde, jemgyýetçilik işinde uly üstünliklere eýe bolan zenanlary çagyrdylar.
Bu dabara dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri we elbetde, dabaranyň baş gahrymanlary, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen zenanlar gatnaşdylar.
Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlarymyzyň adyna iň gowy arzuwlar, ene mähremligi we aladasy hem-de sahawatlylygy üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy. Dabara gatnaşyjylaryň, şol sanda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň çykyşlarynda häzirki türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda zenanlaryň eýeleýän ornunyň barha artýandygy barada aýdyldy. Zenanlar babatda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän syýasata aýratyn üns berildi.
Baýramçylyk lybasyna beslenen zalda hakyky ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Meşhur estrada aýdymçylary türkmen zenanlarynyň gözelligini, söýgini, baky juwanlygy hem-de gadymy türkmen topragynyň sahawatlylygyny wasp edýän ajaýyp milli aýdym-sazlary joşgunly ýerine ýetirdiler. Meşhur medeniýet işgärleri, artistler mähriban ejelerimiziň, ene-mamalarymyzyň, uýalarymyzyň we gyzlarymyzyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Sahnada meşhur opera we estrada aýdymçylary özleriniň hoş owazlary bilen mährem zenanlarymyzy wasp edip, aýal-gyzlarymyza nusgawy aýdym-saz sungatynyň ajaýyp eserlerini peşgeş berdiler. Tomaşaçylar eziz Watanymyz, söýgi we wepadarlyk, bahar lybasyna beslenýän ajaýyp tebigatymyzyň gaýtalanmajak gözelligi baradaky aýdym-sazlary aýratyn tolgunmak we buýsanmak duýgusy bilen diňlediler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolan beýleki milli baýramçylyklar ýaly, Halkara zenanlar güni hem Türkmenistanda milli däp-dessurlara laýyklykda bellenilýär.
Munuň özi ýurdumyzda zenanlara döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasydyr.
Garaşsyz Watanymyzyň we jemgyýetimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda, Watanymyza wepaly, sagdyn hem-de ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde gazanýan uly üstünlikleri üçin aýal-gyzlarymyz “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglanylýar, olara “Ene mähri” diýen hormatly at dakylýar, köp çagaly maşgalalara bolsa, ýokary amatlyklary bolan täze jaýlardan öýler sowgat berilýär.
Ýurdumyzda sekiz we şondan köp çagany terbiýeleýän maşgalalaryň barha köpelýändigini, ilatymyzyň sanynyň artýandygyny bellemek ýakymlydyr. Munuň özi raýatlarymyzyň ertirki güne ynamynyň, döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň, raýatlarymyzyň abadançylygynyň barha ýokarlanýandygynyň we saglygynyň berkeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Zenanlar hakykatdan hem ýurdumyzyň milli baýlygydyr we buýsanjydyr. Aýal-gyzlarymyz ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrdylar we häzirki wagtda täze durmuşy gurmaga ägirt uly goşant goşýarlar. Ýurdumyzda zenanlarymyzyň durmuş statusy ýylsaýyn artýar. Olaryň jemgyýetimizde eýeleýän orny barha ýokarlanýar. Häzirki wagtda türkmen zenanlary jemgyýetçilik we hünär işiniň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanýarlar.
Mähriban zenanlarymyzyň hormatyna Halkara zenanlar gününi giňden belläp geçýäris. Zenanlar hoşniýetliligiň, söýginiň, nuranalygyň, näzikligiň, gözelligiň hem-de wepadarlygyň ajaýyp nusgasy bolup durýar.
Şu ýylky 8-nji mart – Halkara zenanlar güni hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýratyn sazlaşygyna öwrüldi. Onda döredijiligiň we täze durmuşyň şatlygy, asylly başlangyçlaryň alamatlary öz beýanyny tapdy. Bu duýgular bolsa, hemişe biziň ynamymyzy, güýjümizi we iň ýagşy umyt-arzuwlarymyzy berkidip geldi.