25-nji mart­da ýur­du­myz­da örän mö­hüm sy­ýa­sy çä­re – Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň, halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler. Ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de şu sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­si­ne giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Mil­li par­la­men­tiň de­pu­tat­ly­gy­na je­mi 284, we­la­ýat halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­ly­gy­na 489, et­rap we şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­ly­gy­na 2570, şeý­le hem Ge­ňeş­le­riň ag­za­ly­gy­na 13215 da­laş­gär hö­dür­le­nil­di.
Ola­ryň ha­ta­ryn­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri, dür­li ýaş­ly we hü­när­li, dür­li mil­le­tiň we­kil­le­ri bar.
Köp da­laş­gä­riň gat­naş­ma­gyn­da, de­mok­ra­tik, ha­ky­ky bäs­le­şik, açyk­lyk we aý­dyň­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ge­çi­ril­jek saý­law­lar üçin da­laş­gär­le­ri hö­dür­le­mek işi ta­mam­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da da­laş­gär­le­riň saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şyk­lary do­wam ed­ýär. Saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky wa­gyz hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de saý­law möw­sü­mi­ni be­ýan et­mek çä­re­le­ri da­laş­gär­le­riň bel­li­ge al­nan gü­nün­den baş­lap, 2018-nji ýy­lyň 23-nji mar­ty­na çen­li do­wam eder.
Saý­law­la­ra hal­ka­ra we mil­li syn­çy­la­ryň gat­naş­ma­gy bu mö­hüm sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­si­niň açyk­lyk we aýan­lyk ýag­daý­da ge­çi­ril­me­gi­ne ýar­dam be­rer.
Türk­me­nis­ta­nyň ça­gyr­ma­gy bo­ýun­ça Mej­li­siň de­pu­tat­ly­gy­na saý­law­la­ra ge­len Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň syn­çy­lar to­pa­ry hem-de onuň eda­ra­sy saý­law möw­sü­mi­ne gö­zeg­çi­lik et­mä­ge gi­riş­di­ler.
Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek ba­ra­da­ky Mer­ke­zi to­par­da GDA-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň – Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji sek­re­ta­ry­nyň baş­ly­gy­nyň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry W.Gu­mins­kiý bi­len bo­lan du­şu­şy­gyň bar­şyn­da öň­de bol­jak par­la­ment saý­law­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Myh­ma­na ne­ti­je­li hem-de mil­li ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da geç­ýän saý­law möw­sü­mi­niň bar­şy ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin ha­bar be­ril­di, şeý­le hem saý­law­la­ra gö­zeg­çi­lik et­mek üçin ze­rur şert­ler dö­re­di­ler. Öz no­ba­tyn­da, W.Gu­mins­kiý GDA-nyň syn­çy­lar to­pa­ry­nyň iş ýö­rel­ge­le­ri hem-de işi­niň gu­ra­ly­şy ba­ra­da ha­bar ber­di.