Şu ýylyň 5-6-njy marty aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň (GFR) paýtagty Berlin şäherinde saglygy goraýyş boýunça nobatdaky VII türkmen-german forumy geçirildi. Onda lukmançylyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljek üçin täze ugurlara garaldy. Bu gezekki forumyň çäklerinde ortopediýa, şol sanda çagalar ortopediýasy hem-de fizioterapiýa meselelerine üns berildi.
Türkmenistanda we Germaniýada lukmançylygyň bu ugurlarynyň ýagdaýy boýunça çykyşlar guraldy, keselleriň öňüni alyş işi şöhlelendirildi, ortopediýa tehnikasynda häzirki zaman çözgütleri, işgärleri okatmagyň aýratynlyklary we beýleki meseleler beýan edildi.
Türkmen wekiliýeti iş saparynyň çäklerinde Berlindäki Marsan trawmatologiýa klinikasyna hem-de Otto Bokk lukmançylyk tehnologiýalarynyň ylmy merkezine baryp gördüler.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de GFR-iň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde türkmen-german forumy 2011-nji ýyldan bäri, yzygiderli geçirilýär. Onuň gün tertibi bolsa, bu ulgamdaky derwaýys wezipeleri nazara almak arkaly düzülýär. Şeýle duşuşyklarda kabul edilen çözgütler saglygy goraýşyň dürli ulgamynda öz aýdyň beýanyny tapýar.
Mysal üçin, şundan öňki VI forum 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirildi we ýokanç däl keselleriň, hususan-da, diabet, onkogemetologiýa hem-de endokrinologiýa keselleriniň öňüni almaga we olara garşy göreşmäge bagyşlandy. Antibiotiklere durnuklylyk hem möhüm meseleleriň biri boldy.