Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, sport ulgamynda gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da belende galdyrýar. Ýurdumyzda sportuň ähli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Sport ulgamynda gazanylýan şeýle uly ösüşleriň döwründe milli Liderimiziň jemgyýetde sport hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň berk ornaşmagy ugrunda alyp barýan köpugurly işlerine bagyşlanan “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitabyň neşir edilmegi türkmen halkynyň bagtyýarlygyny goşalandyrdy.
Ýurdumyzyň çar künjeginde bu gymmatly kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Olaryň birnäçesi paýtagtymyz Aşgabatda geçirilip, bu dabaraly çärelere hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatçylar, döredijilik intelligensiýasynyň, sport ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirilen tanyşdyrylyş çäreleri has-da ähmiýetli boldy. Kitabyň sahypalarynda milli Liderimiziň halkara sport hereketini ösdürmek boýunça alyp barýan yzygiderli işleri beýan edilýär. Şol sport hereketi Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwletiniň parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň möhüm ugrudyr.
Neşiriň köp bölegi soňky onýyllygyň taryhyna özboluşly syýahatdyr. Şol onýyllyk ýurdumyzyň sportuny ösdürmek boýunça anyk çäreleriň kabul edilmegi hem-de bizi “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ajaýyp ýeňişlerine ýakynlaşdyran möhüm wakalar bilen taryha girdi.
Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan ösüşlere beslenen syýasaty anyk miwelerini berýär. Kitabyň sport desgalarynyň we hususan-da, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygyna bagyşlanylan baplarynda hem bular barada aýdylýar.
Täze neşiriň: “Gözellik – duýgy hem-de ukyp”, “Bereketli, sahawatly il”, “Sport – medeniýetiň açary”, “Millilikden gözbaş alýan sport oýunlary” diýen bölümlerinde “Aşgabat 2017” oýunlary giňişleýin beýan edilipdir.
“Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly kitap diňe bir eýýäm taryha giren “Aşgabat 2017” oýunlaryna däl, eýsem, geljege-de bagyşlanandyr. Onda ýurdumyzda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän ýylda milli Liderimiziň täze başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ähmiýetini bellediler. Ol döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçer.
Dabaralarda çykyş edenler Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen täze kitabyň suratlar bilen bezelişine üns berdiler.