il­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ry bi­len bir ha­tar­da dok­ma top­lu­my­ny hem döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mek üçin uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň se­na­gat kuw­wa­ty­ny bar­ha ös­dür­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­byn­da tä­ze se­na­gat top­lu­my­nyň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy hem mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, egir­me, dok­ma, bo­ýag we ti­kin önüm­çi­li­gi­ni öz içi­ne al­jak se­na­gat top­lu­my ýyl­da in­çe sü­ýüm­li pag­ta­nyň 5 müň ton­na­sy­ny, on­dan “kom­pakt-pen­ýe” bel­gi­li nah ýüp­lü­giň 3 müň 650 ton­na­sy­ny ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen önüm­çi­li­gi, 12 mil­li­on ine­dör­dül metr ma­ta­ny hem-de 1 mil­li­on 200 müň taý­ýar önü­mi ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen önüm­çi­lik bö­lüm­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar. No­bat­da­ky iri ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly dok­ma kär­ha­na­sy­ny gur­mak “Cotam En­terp­ri­ses Ltd.” türk kom­pa­ni­ýa­sy­na yna­nyl­dy, bu kom­pa­ni­ýa bi­len pu­da­gyň des­ga­la­ry­ny gur­mak­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň köp­ýyl­lyk tej­ri­be­si top­la­nyl­dy. Top­lu­my 2021-nji ýyl­da ulan­ma­ga ber­mek bel­le­nil­di.
Da­ba­ra we­la­ýat we et­rap hä­kim­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, dok­ma se­na­ga­ty­nyň iş­gär­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, ýer­li ýa­şaý­jy­lar gat­naş­dy­lar. Ola­ry şan­ly wa­ka bi­len gut­la­mak üçin Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry gel­di.
Dabarada hal­kyň saý­lan we­kil­le­ri­niň adyn­dan mil­li par­la­ment­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň 24-nji saý­law ok­ru­gy­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ne we­kil­çi­lik ed­ýän Mej­li­siň de­pu­ta­ty Ser­dar Berdimuhamedow çy­kyş edip, pu­da­gyň bu des­ga­sy­nyň ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän şan­ly se­ne – Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nü­niň öň ýa­nyn­da düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy­nyň ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň buý­sanç­ly ýag­daý­dy­gy­ny bel­le­di. Çün­ki ýur­du­my­zyň dok­ma­çy­la­ry­nyň zäh­met to­par­la­ry­nyň üç­den iki bö­le­gin­den gow­ra­gy­ny ze­nan­lar düz­ýär, olar dok­ma önüm­çi­li­gi­niň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny üs­tün­lik­li öz­leş­dir­ýär­ler we aras­sa çig mal­dan eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­le­ri ön­dür­ýär­ler bu önüm­ler hä­zir­ki wagt­da türk­men eks­por­tu­nyň uly bö­le­gi­ni dü­züp, hi­li hem-de be­ze­gi bi­len da­şa­ry ýurt­ly aly­jy­la­ry özü­ne çek­ýär.
De­pu­tat ýyg­na­nan­la­ry kär­ha­na­nyň gur­lu­şy­gy­na gi­ri­şil­me­gi hem-de pu­da­gyň tu­tan­ýer­li zäh­met­keş aýal-gyz­la­ry­ny baý­ram­çy­lyk bi­len gut­lap, Ahal we­la­ýa­tyn­da ama­la aşy­ryl­ýan iri möç­ber­li we düýp­li öz­gert­me­le­riň se­bi­tiň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň dur­muş üp­jün­çi­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di.