AFK ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da ýur­du­my­zyň çem­pio­ny “Al­tyn asyr” “D” to­par­ça­da myh­man­çy­lyk­da Gyr­gy­zys­ta­nyň “Alaý Oş” to­pa­ry bi­len du­şuş­dy. Oý­nuň 1-nji ýa­ry­myn­da 4, ikin­ji­sin­de-de 5, je­mi 9 gol der­we­zä gi­ri­zil­di. Diý­seň çe­ke­le­şik­li ge­çen oý­na pa­les­ti­na­ly Ba­raa Aişa emin­lik etdi. Du­şu­şy­ga 3000 tö­we­re­gi jan­kö­ýer gat­naş­dy.
Eý­ýäm 11-nji mi­nut­da My­rat Ýag­şy­ýew ha­sa­by aç­ýar. 8 mi­nut­dan soň, Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew ha­sa­by 2–0-a çy­kar­ýar. 39-njy mi­nut­da Il­ýaz Ali­mow ýer eýe­le­ri­niň il­kin­ji go­lu­ny ge­çir­ýär. Ýö­ne 1 mi­nut­dan soň, Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew ýe­ne bir ge­zek ta­pa­wut­lan­ýar. Bu 1-nji ýa­rym­da­ky soň­ky gol bol­ýar. 2-nji ýa­ry­ma gol bi­len baş­lan ýer eýe­le­ri az-ow­lak umyt­lan­sa-da, il­deş­le­ri­miz des­si­ne bu go­luň hem jogabyny berýär. Has ta­ky­gy, 46-njy mi­nut­da Ko­žo Jo­el 3–2-ä ýe­tir­ýär. Ýö­ne 5 mi­nut­dan soň, My­rat Ýag­şy­ýew ýe­ne bir pök­gi­ni “Ala­ýyň” der­we­ze­si­ne ýol­la­ýar. Gar­şy­lyk­ly ge­çi­ril­ýän gol­la­ryň ha­ta­ry­na ýer eýe­le­ri ýe­ne bi­ri­ni goş­ýar. 57-nji mi­nut­da Mak­sad­bek Ali­mow ha­sa­by 4–3-e ýe­tir­ýär. Oý­nuň 84-nji mi­nu­tyn­da-da Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew du­şu­şyk­da­ky 3-nji go­lu­ny öz ady­na ýaz­dyr­ýar. 87-nji mi­nut­da oý­na gi­ren Beg­my­rat Ba­ýow 1 mi­nut­dan soň, ta­pa­wut­lan­ýar we ha­sa­by 6–3-e çy­kar­ýar. Şeý­le­lik­de, “Al­tyn asyr” to­par­ça­da­ky oýun­la­ry­na uly ha­sap­ly ýe­ňiş bi­len baş­la­ýar.
To­par­ça­nyň beý­le­ki du­şu­şy­gyn­da-da Tä­ji­gis­ta­nyň “Is­tik­lo­ly” öz meý­dan­ça­syn­da “Aha­ly” ka­bul etdi. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun 1–0 ha­sa­byn­da ýer eýe­le­ri­niň peý­da­sy­na ta­mam­landy (Güýç­my­rat An­na­gel­di­ýew 25, ö.d.).
To­par­ça­da­ky in­di­ki du­şu­şyk­la­ryň iki­si-de ýur­du­myz­da oý­na­lar. 13-nji mart­da “Ahal” “Alaý Oşy”, 14-nji mart­da-da “Al­tyn asyr” “Is­tik­lo­ly” ka­bul eder.