Golaýda 9 ýaşyny dolduran Pakistanyň ýaşaýjysy Selena Hawaja Şimşal jülgesindäki deňiz derejesinden 5765 metr belentlikde ýerleşýän Kuz Sar dag gerşine çykdy. Şeýlelikde, ol 5 müň metrlik belentlige çykmagy başaran iň ýaş alpinist diýen derejä eýe boldy. Bu barada ýurduň metbugaty habar berýär.
9 ýaşly gyzjagaz bu beýiklige kakasy Ýusaf Hawajanyň ýolbaşçylygyndaky birnäçe alpinistler bilen bilelikde çykdy. Alpinistler topary beýik dag gerşine çykmak üçin 10 gününi sarp etdiler. Onuň 7 güni daga çykmak bilen geçdi.
Daglaryň şa gyzy diýip atlandyrylan Selena şu ýylyň ahyryna çenli azyndan 3 sany dag gerşine, olaryň hatarynda 8051 metr beýikligi bolan Karakorum dag gerşine hem çykmagy meýilleşdirýär. Indiki ýyl bolsa, ol dünýäniň iň beýik gerşi bolan Ewereste çykmagy göz öňünde tutýar.
Häzirki wagtda iň ýaş alpinist derejesi hindistanly Malawat Purna degişli. Ol 2014-nji ýylda 13 ýaşynda Ewerest dagyna çykypdy.