Dün­ýä­niň iň gym­mat ça­ga kro­wa­ty Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. Bu ba­ra­da “Gulf News” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Şu ýy­lyň 26-njy mar­tyn­da Bü­tin­dün­ýä söw­da mer­ke­zin­de ge­çi­ril­jek ser­gi­de bu tä­sin ha­ryt köp­çü­li­ge gör­ke­zi­ler hem-de sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.
Önüm ön­dü­ri­ji­le­riň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ça­ga kro­wa­tyna 24 ka­rat al­tyn ça­ýy­lan we “Swa­rovski” ta­ra­pyn­dan ha­şam­la­nyp­dyr. Onuň ba­ha­sy 220 müň dir­hem (60 müň dol­lar).
Mä­lim bol­şu­na gö­rä, “Luu­lu” kro­wa­ty­nyň ba­ha­sy Burj-Ha­li­fa­da­ky 3 otag­ly ja­ýyň bir ýyl­lyk ki­reý pu­lun­dan köp­dür. Pol­şa­ly be­zeg­çi­le­riň ha­bar­çy­la­ra be­ren be­ýa­na­ty­na gö­rä, bu ha­ry­dy sa­tyn al­ma­ga is­leg bil­dir­ýän ene-ata­la­ryň sa­ny­nyň köp­dü­gi mä­lim edil­di.
– Bu ça­ga kro­wa­tyn­da bä­be­giň özü­ni ene­si­niň göw­re­sin­de ýa­ly duý­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­di­lip­dir. Lýuks syn­py­na de­giş­li me­bel ne­pis in­ter­ýer­le­riň bi­ri bo­lar – di­ýip, be­zeg­çi­ler Mar­ta Bu­laz­ka hem-de Da­ri­us Panç­žuk gür­rüň ber­ýär.