Şwesiýanyň awtoulag öndürijisi “Volvo” konserniniň “Volvo XC40” kysymly ulagy Ýewropada “Ýylyň awtoulagy” bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip, yglan edildi. “Ýylyň awtoulagy” bäsleşiginde “Volvo” ilkinji gezek bu abraýly baýraga eýe bolýar.
Bäsleşigiň jemlerini Ženewa awtosergisiniň başlanmagynyň öň ýanynda jemlemek däbi dowam etdirildi. Emin agzalarynyň düzüminde Ýewropanyň 23 döwletinden 60 töweregi awtoulag bilen gyzyklanýan žurnalistler bar. Emin agzalarynyň baha bermegine görä, ilkibaşda 37 ulag saýlanyp alyndy. Soňra olaryň sany 7-ä getirildi.
Jemleýji bäsleşikde “Volvo XC40” kysymly ulag 325 bal alyp, birinjiligi eýeledi. “Seat Ibiza” 242, “BMW 5-series” ulagy 226 bal aldy. Geçen ýyl bu ugurdaky bäsleşikde “Peugeot 3008” 319 bal bilen birinji bolupdy.
Şeýle hem 2017-nji ýylyň jemleri boýunça dünýäniň iň köp awtoulag öndürijileri mälim edildi. Sanawa görä, birinji orny “Volkswagen Group” eýeläp, geçen ýyl 10,4 million ulag satdy. 2016-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, bu görkeziji 3,5 göterim köp. Ikinji orunda barýan “Toyota” kompaniýasy bolsa, 10,2 million ulag satmagy başardy. 10 milliondan birneme köpräk ulag satan “Renault-Nissan” topary üçünjiligi eýeledi. Ilkinji bäşlige “Hyundai-Kia” (7,2 million) hem-de “General Motors” (6,8 million) hem girmegi başardy.