Golaýda Fransiýanyň statistika we ykdysadyýet instituty ýurduň ykdysadyýetiniň 2017-nji ýylda 2 göterim ösüp, munuň çaklamalardan 0,1 göterim ýokary bolandygyny mälim etdi. Institutyň maglumatlaryna görä, 2017-nji ýylda fransuz kompaniýalarynyň we öý hojalyklarynyň sermaýasy degişlilikde, 4,4 we 5,4 göterim bolup, eksport 3,3 göterim artdy. Şeýle hem Fransiýanyň ykdysadyýetiniň oňaýly depgini 2018-nji ýylyň dowamynda öz durnuklylygyny saklar. Eksportuň ösmegi ykdysady ösüşe uzak wagtlap täsirini ýetirmäge ukyply bolup, ýurduň ykdysadyýetiniň ösüş depginleriniň şu ýylyň birinji iki çärýeginde degişlilikde, 0,5 we 0,4 göterimden ybarat boljakdygy çaklanylýar. Mundan ozal, Halkara walýuta gaznasy Fransiýanyň ykdysady ösüşine baha berip, onuň 2018-nji ýylda 1,9 göterime barabar boljakdygyny çaklapdy.
Oba hojalygyna bagyşlanan sergi
24-nji fewraldan 4-nji mart aralygynda Parižde Halkara oba hojalyk sergisi “Paris International Agricultural Show 2018” geçirildi. Şu ýylky serginiň baş maksady soňky birnäçe ýylyň içinde gazanylan täze meýilleriň oba hojalygyna ýardamyndan ybarat boldy. Bu mesele 9-njy sapar geçirilýän fransuz oba hojalyk pudagynyň üns merkezinde boldy. Geçirilen çäre maldarçylyk, kulinariýa önümleri, däne we ösümlik, oba hojalyk hyzmatlary we hünärleri ýaly ugurlardan ybarat boldy. Maldarçylyk bölüminde sygyrlaryň, öküzleriň, atlaryň, geçileriň, goýunlaryň, öý guşlarynyň, itleriň we beýlekileriň dürli tohumlary görkezildi. Kulinariýa önümleri bölüminde bolsa, restoranlar we jemgyýetçilik iýmiti üçin niýetlenen iň gowy önümler hödürlendi. Şonuň ýaly hem sergide dürli tohumlar hem-de bagbançylyk, tokaý hojalygynda ulanylýan enjamlar görkezildi.