Amerikanyň “The Walt Disney” kompaniýasy dünýäniň iň köp syýahatçy çekýän ýurdy bolan Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherindäki “Disneyland” seýilgähine 2 milliard ýewro möçberinde maýa goýmagy göz öňünde tutýar. Bu baradaky ylalaşyk Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bob Aýgeriň arasynda geçirilen duşuşykda gazanyldy.
Taslama laýyklykda, dünýä belli güýmenje seýilgähindäki “Walt Disney Studios” bölegi täzeden gurnalar. Bu ýerde täze 3 sany seýilgäh zolagy dörediler. Olar “Marvel” komiksiniň, “Ýyldyz söweşleri” filminiň hem-de “Gardan şa zenany” multfilminiň gahrymanlaryna bagyşlanar. Meýilnama görä, emeli köl dörediler we bu ýerde dürli teatrlaşdyrylan sahnalar goýlar.
Pariždäki “Disneyland” seýilgähi 25 ýyl mundan ozal gurlupdy. Häzire çenli bu ýere 320 million adam geldi. Häzir ol Ýewropanyň hususy syýahatçylyk desgalarynyň arasynda öňdebaryjydyr. Fransiýanyň syýahatçylyk girdejisiniň 6 göterimden gowragy bu seýilgähiň paýyna düşýär.