Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol bo­ýun­ça 26-njy mil­li çem­pio­na­ty­na ba­dal­ga be­ril­di. Bi­rin­ji tap­gyr­da ge­çi­ri­len 2 du­şu­şy­gam 1–0 ha­sa­byn­da ta­mam­lan­dy. Açy­lyş du­şu­şy­gyn­da “Bal­kan” öz meý­dan­ça­syn­da “Aş­ga­bat” to­pa­ryn­dan 1–0 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Myh­man­la­ra 3 utuk ga­zan­dy­ran ýe­ke-täk pök­gi­ni 54-nji mi­nut­da Aza­dy An­na­dur­dy­ýew der­we­zä ýol­la­dy. Şeý­le-de “Şa­ga­dam” öz meý­dan­ça­syn­da Ma­ry­nyň “Ener­ge­tik” to­pa­ryn­dan Döw­let Baý­ra­mo­wyň 62-nji mi­nut­da­ky goly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. “Al­tyn asyr” bi­len “Aha­lyň” 1-nji tap­gyr­da­ky du­şu­şyk­la­ry bolsa, ozal habar berlişi ýaly, ap­rel aýy­na süý­şü­ril­ipdi.
Ikin­ji tap­gyr­da “Ener­ge­tik”–“Bal­kan”, “Merw”–“Şa­ga­dam” hem-de “Kö­pet­dag”–“Aş­ga­bat” du­şu­şyk­la­ry oý­na­lar. “Al­tyn asyr” bi­len “Aha­lyň” ara­syn­da­ky oýun hem iki to­pa­ryň-da AFK Ku­bo­gyn­da çy­kyş ed­ýän­dik­le­ri üçin so­ňa go­ýul­dy.