ABŞ-nyň Nýu Ýork şä­he­rin­de ge­çi­ri­len boks ag­şa­myn­da agyr ag­ra­myň ägirt­le­ri, ýeň­liş­siz iki boks­çy — ame­ri­ka­ly De­on­teý Waýl­der bi­len ku­ba­ly Lu­is Orits WBC-niň (Bü­tin­dün­ýä boks bi­le­le­şi­gi­niň) çem­pi­on­ly­gy ug­run­da öza­ra tut­luş­dy. Bir­meň­zeş se­bäp­ler bi­len, has ta­ky­gy, gyz­la­ry­nyň sag­lyk ýag­da­ýynyň pesligi se­bäp­li bok­sa baş­lan iki boks­çy­nyň tut­lu­şy­gy bü­tin dün­ýä­niň üns mer­ke­zin­de bol­dy. En­çe­me te­le­ýaý­lym­da gör­ke­zi­len tut­lu­şy­gyň 5-nji ra­un­dyn­da Waýl­der güýç­li gar­şy­da­şy­ny ýyk­sa-da no­ka­ut edip bil­me­di. Il­kin­ji 4 raund­da gar­şy­da­şy­na ga­ra­nyň­da, az­da-kän­de er­jel­lik gör­ke­zen 38 ýaş­ly Orits 7-nji raund­da Waýl­de­ri tas­da­nam no­kau­ta ibe­rip­di. Ýö­ne yzly-yzyna geçiren ur­gu­la­ry­nyň üstüni nokaut bilen ýe­ti­rip bil­me­di. Ara­kes­me­de özü­ni dür­sän 32 ýa­şyn­da­ky Waýl­der tä­ze­den hy­juw­la­nyp baş­la­dy. Ne­ti­je­de, ýa­şy az-ow­lak gar­ta­şan Orit­se 10-njy ra­un­da çen­li çy­da­mak ba­şart­dy. Orits 10-njy raund­da Waýl­de­riň yzy üz­nük­siz ur­gu­la­ry­na çy­dap bil­me­di we no­ka­ut bi­len ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Bu ku­ba­ly boks­çy­nyň kar­ýe­ra­syn­da­ky il­kin­ji ýeň­li­şi diý­lip, ha­sa­ba alyn­dy. King Kong la­kam­ly Orits şu wagt­a çen­li ge­çi­ren 28 du­şu­şy­gy­nyň äh­li­sin­de (24-si­ni no­ka­ut bi­len) ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. 2008-nji ýyl­da Olim­pi­ýa çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nan Waýl­der bol­sa, 40-njy ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ol şol 40 du­şu­şyk­da 39-njy ge­zek no­ka­ut bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. Waýl­de­riň in­di­ki gar­şy­da­şy­nyň WBA, IBF we IBO gu­şak­la­ry­nyň eýe­si, ang­li­ýa­ly En­to­ni Jo­şua bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.