UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 1/8 fi­na­lyň jo­gap oýun­la­ry­nyň 4-si oý­nal­dy. Şol oýunlaryň 3-sinde myh­man­çy­lyk­da­ky to­par­lar 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Soň­ky çem­pi­on “Re­al Mad­rid” ýo­lu­ny ynam­ly ädim­ler bi­len do­wam et­dir­ýär. Is­pan to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da-da PSŽ klu­bun­dan 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, yz­ly-yzy­na 8-nji, umu­my­lyk­da 16-njy ýo­la çär­ýek fi­na­la çyk­dy. Ýa­dy­ňyz­da bol­sa, Mad­rid­dä­ki du­şu­şyk­da “Re­al” 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip­di. Pa­riž­dä­ki du­şu­şyga ýer eýeleri Neý­maryň ýoklugynyň oňaýsyz täsir­i bilen çy­kdy. 1-nji ýarymy golsuz geçen oýnuň 51-nji mi­nutyn­da Ro­nal­do kel­le ur­gu­sy bi­len ha­sa­by aç­ýar. Su­per ýyl­dyz bu ýa­ryş­da­ky yz­ly-yzy­na 9-njy oýun­da (şu möw­süm­de 8) ta­pa­wut­la­nyp, Ru­ud Wan Nis­tel­roo­ýyň re­kor­dy­ny gaý­ta­la­ýar. 65-nji mi­nut­da ýer eýe­le­ri­niň ital­ýan ýa­rym­go­rag­çy­sy Mar­ko Wer­rat­ti 2-nji sa­ry­ny alyp, meý­dan­ça­dan çy­ka­ryl­ýar. 71-nji mi­nut­da Edin­son Ka­wa­ni ha­sa­by deň­le­ýär. 80-nji mi­nut­da-da Ka­se­mi­ro oý­na soň­ky no­ka­dy goý­ýar. Şeýlelikde, PSŽ Ýew­ro­li­ga­lar­da­ky soň­ky 47 du­şu­şy­gyn­da öz meý­dan­ça­syn­da 2-nji ge­zek utul­ýar. Yz­ly-yzy­na 2-nji ge­zek 1/8 fi­nal­da utu­lan PSŽ topary Ýew­ro­ku­bok­lar­da ýe­ňiş ga­zan­dyr­syn diý­lip, Lo­ran Bla­nyň or­nu­na we­zi­pä bel­le­nen Unaý Eme­ri­den ozal bas­syr 4 ge­zek çär­ýek fi­na­la çy­kyp­dy. Bu du­şu­şyk­da çy­kyş eden Ka­rim Ben­ze­ma Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 100-nji oý­nu­ny oý­nap, ol bu gör­ke­zi­jä ýe­ten 11-nji “re­ally” fut­bol­çy­dyr.

3 MI­NUT ÝE­TER­LIK BOL­DY
Tu­rin­de 2–2 deň­me-de oý­nan “Tot­ten­hem” bi­len “Ýu­wen­tu­syň” “Wemb­li­dä­ki” jo­gap du­şu­şy­gy diý­seň çe­ke­le­şik­li geç­di. Tu­ruw­baş­dan oýun ba­bat­da ýer eýe­le­ri­niň üs­tün­li­gin­de ge­çen du­şu­şyk­da Ýew­ro­li­ga­lar­da has tej­ri­be­li bo­lan “Ýu­wen­tus” ýe­ňiş ga­zan­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Bir­nä­çe amat­ly pur­sat­dan peý­da­la­nyp bil­me­dik ýer eýe­le­ri­niň ko­re­ýa­ly hü­jüm­çi­si Son Hyn Min 39-njy mi­nut­da ha­sa­by aç­ýar. 2-nji ýa­rym­da-da ýer eýe­le­ri­niň hü­jüm­le­ri az bol­ma­ýar. Emma gollary italýan toparynyň oýunçylary geçirýär. 64-nji mi­nut­da Gon­za­lo Hi­guain, 3 mi­nut so­ňam onuň pa­sy bi­len wa­tan­da­şy Pau­lo Di­ba­la şu möw­süm­de bu ýa­ryş­da­ky il­kin­ji go­lu­ny ge­çir­ýär. Soň­ky 20 mi­nut­da “Tot­ten­hem” hü­jüm­le­ri­ni has-da art­dyrýar. Hat­da Keý­niň kel­le ur­gu­syndan soň, top sü­tü­ne-de deg­ýär. Ýö­ne iň­lis to­pa­ry­na ha­sa­by deň­le­mek ba­şart­ma­ýar. Ne­ti­je­de, 2 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 4–3 ýe­ňiş ga­za­nan “Ýu­wen­tus” ýo­lu­ny do­wam et­dir­mä­ge hu­kuk ga­zan­ýar. Şunlukda, tej­ri­be ýü­ki ýe­tik, soň­ky 4 ýyl­da ýa­rym fi­nal­lar­da il­ki “Rea­ly”, soň­ku­syn­da-da “Bar­se­lo­na­ny” utup, 2 ge­zek fi­na­la çy­kan “Ýu­wen­tus” ar­gen­ti­na­ly su­per ýyl­dyz­la­ry­nyň 3 mi­nut­da, has ta­ky­gy, 2 mi­nut 49 se­kunt­da ge­çi­ren gol­la­ry bi­len ýe­ňşini baýram edýär. Soň­ky 20 oýun­da derwezesine 4 pök­gi ge­çir­den “Ýu­wen­tusyň” şo­la­ryň 3-si­ni “Tot­ten­hem” bilen bolan du­şu­şyk­la­rda to­ru­na goý­ber­endigini hem ýatladalyň.
“Man­çes­ter Si­ti” 1-nji oýun­da ga­za­nan uly ha­sap­ly (4–0) ýeň­şi­niň ar­ka­ýyn­ly­gy bi­len meý­dan­ça çyk­dy. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, iň­lis to­pa­ry 8-nji mi­nut­da Gab­ri­el Že­sus bi­len öňe-de saý­lan­dy. Bu “Si­ti­niň” Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky 100-nji go­ly diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Em­ma ab­raý üçin meý­dan­ça çy­kan “Ba­zel” Mo­ham­med El­ýu­nus­siniň 17-nji hem-de Mi­ha­el Lon­guň 71-nji mi­nut­da­ky gol­la­ry bi­len ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. “Man­çes­ter Si­ti” 2016-njy ýyl­dan soň, il­kin­ji ge­zek öz meý­dan­ça­syn­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Umu­my ha­sap­da 5–2 utan “Man­çes­ter Si­ti” 2-nji ge­zek çär­ýek fi­na­la çyk­dy.
1-nji du­şu­şyk­da myh­man­çy­lyk­da 5–0 ha­sa­byn­da ýe­ňip, çär­ýek fi­na­lyň bo­sa­ga­syn­dan ädim äden “Li­wer­pul” öz meý­dan­ça­syn­da “Por­to” bi­len 0–0 deň­me-deň oý­na­dy. “Li­wer­pul” 6-njy ge­zek çär­ýek fi­nal­da çy­kyş eder.

“Ar­se­nal” bi­len “At­le­ti­ko” bir ädim öň­de
UEFA Ýew­ro­pa li­ga­syn­da 1/8 fi­na­lyň bi­rin­ji du­şu­şyk­la­ry oý­nal­dy. 3 to­par myh­man­çy­lyk­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Şo­la­ryň bi­rin­de “Ar­se­nal” güýç­li gar­şy­da­şy “Mi­la­ny” Mhi­tar­ýan hem-de Rem­si­niň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy. “Bo­rus­si­ýa” (Dort­mund) bol­sa, öz meý­dan­ça­syn­da “Sals­burg­dan” 2–1 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Mad­ri­diň “At­le­ti­ko­sy” hem Mosk­wa­nyň “Lo­ko­mo­ti­wi­ni” 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňip, çär­ýek fi­na­lyň bo­sa­ga­syn­dan il­kin­ji ädi­mi­ni ät­di. Jo­gap oýun­la­ry 15-nji mart­da oý­na­lar. Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň çär­ýek fi­na­lynyň bi­je­le­ri 16-njy mart­da Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň bi­je­le­rin­den soň çe­ki­ler.