Ýew­ro­pa fut­bo­ly­nyň ho­ja­ýy­ny UEFA öz ga­ra­ma­gyn­da­ky 2 klub ýa­ry­şy­na — Çem­pi­on­lar we Ýew­ro­pa li­ga­sy bäs­le­şik­le­ri­ne kä­bir üýt­geş­me­ler gi­riz­di. Tä­ze düz­gün­ler­den soň, gel­jek möw­süm­den baş­lap, Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na 26, Ýew­ro­pa li­ga­sy­na-da 17 klub gö­nü­mel gat­na­şar. Mun­dan öň Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na 22 klub gö­nü­mel gat­naş­ýar­dy. Yk­ly­myň iň uly klub ýa­ry­şy­na Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň hem-de Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň ýe­ňi­ji­le­ri (2 to­par) bi­len bir ha­tar­da, UEFA-nyň sa­na­wyn­da öň­de bar­ýan 4 ýur­duň (hä­zir­ki ýag­daý­da; Is­pa­ni­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Ang­li­ýa, Ita­li­ýa) çem­pio­nat­la­ryn­da il­kin­ji dört­lü­ge dü­şen to­par­lar (16 to­par), 5–6-njy ýer­dä­ki ýurt­la­ryň (hä­zir­ki ýag­daý­da; Fran­si­ýa, Rus­si­ýa) çem­pi­on­la­ry, wi­se-çem­pi­on­la­ry (4 to­par) hem-de 7–8–9–10-njy bas­gan­çak­da­ky döw­let­le­riň (hä­zir­ki ýag­daý­da; Por­tu­ga­li­ýa, Uk­rai­na, Bel­gi­ýa, Tür­ki­ýe) çem­pi­on­la­ry (4 to­par) gö­nü­mel ýol­lan­ma alar. Eger-de Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ýe­ňi­ji­si öz çem­pio­na­tyn­da gör­ke­zen ne­ti­je­si esa­syn­da gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­sa, on­da onuň hu­ku­gy sa­naw­da­ky 11-nji ýur­duň (Çe­hi­ýa) çem­pio­ny­na geçer. Şeý­le-de Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň ýe­ňi­ji­si-de öz çem­pio­na­tyn­da ga­za­nan or­ny bi­len Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na gat­naş­mak hu­ku­gy­na eýe bol­sa, on­da onuň de­re­gi­ne 5-nji orun­da­ky ýur­duň (Fransiýanyň) çem­pio­na­ty­ny 3-nji bas­gan­çak­da ta­mam­lan klub ýa­ry­şa go­şu­lar. Şeý­le­lik­de, 32 klu­buň 26-sy gö­nü­mel gat­naş­sa, ga­lan 6 to­pa­ryň ha­ta­ry­na go­şul­mak üçi­nem beý­le­ki ýurt­la­ryň we­kil­le­ri 4–5 tap­gyr­ly saý­la­ma oýun­la­ry­ny ge­çi­rer­ler. Umu­my­lyk­da, saý­la­ma tap­gyr­la­ry-da ha­sa­ba al­nan­da, UEFA-nyň 55 ag­za­syn­dan 79–80–81 klub Çem­pi­on­lar li­ga­sy ýa­ry­şy­nyň çäk­le­ri­ne go­şu­lar. Bu gör­ke­zi­ji Ýew­ro­pa li­ga­syn­da 215-e ýet­ýär. Şeýle hem to­par­ça­lar­da 3-nji ýe­ri alan klub­lar Ýew­ro­pa li­ga­syn­dan ýa­ry­şy do­wam et­dir­se, Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 1 döw­let­den edil hä­zir­ki­si ýa­ly, iň köp 5 klub çy­kyş edip bi­ler.
Ýew­ro­pa li­ga­syn­da-da 1–5-nji orun­lar­da­ky ýurt­la­ryň her­sin­den 2 (je­mi 10 klub), 6–12-nji ýer ara­ly­gyn­daky döw­let­le­riň her­sin­de­nem 1 klub (je­mi 7 klub) gö­nü­mel to­par­ça­lar­da çy­kyş edip baş­lar. Ga­ly­ber­se-de, Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň saý­la­ma tap­gy­ryn­dan yzy­na gaý­dan klub­la­ryň äh­li­si-de Ýew­ro­pa li­ga­syn­da ýa­ry­şy do­wam et­di­rerler.
Iki ýa­ryş­da-da ýe­ne bir esa­sy üýt­ge­şiklik, ol hem du­şu­şyk­la­ryň baş­lan­ýan wagt­la­ry bo­lup, tä­ze möw­süm­den to­par­ça­da­ky kä­bir oýun­lar Ýew­ro­pa wag­ty bi­len 18:55-de, kä­bir­le­ri-de 23:00-da baş­la­nar.
Ýeri gelende aýtsak, UEFA Çempionlar ligasynyň 2018/2019 möwsüminiň finaly “Atletiko Madrid” toparynyň täze stadiony “Wanda Metropolitano”-da, Ýewropa ligasynyň finaly bolsa, Baku şäherindäki Olimpiýa stadionynda oýnalar. UEFA Super kubogy duşuşygy Türkiýäniň Stambul şäherindäki “Beşiktaş” toparynyň stadiony “Vodafone Park”-da geçiriler.