Hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça düzüminde Mejlisiň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystan Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň iş duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň gün tertibine ykdysadyýet, söwda, logistika, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlar boýunça sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meseleler girizildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyna iberen hatyny okady. Milli Liderimiziň hatynda ýakyn goňşular bilen hyzmatdaşlyk etmegiň döwletimiziň sebitiň ýurtlary bilen giň hyzmatdaşlygy maksat edinýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem ähli ugurlar boýunça deňhukukly, ynanyşmak gatnaşyklarynyň öňe ilerlemegine hemmetaraplaýyn ýardam berýändigi nygtalýar.
Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzir sebitde energetika pudagynda energiýa serişdelerini Merkezi Aziýadan Günorta Aziýanyň hem-de Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň bazarlaryna çykarmak üçin toplumlaýyn turbageçiriji düzümlerini döretmäge mümkinçilik berýän uly geljegiň açylýandygyny belledi.
Türkmen Lideriniň ýüzlenmesinde nygtalyşy ýaly, ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem ähmiýeti pes däldir. Häzirki döwürde awtomobil, demir ýol we deňiz gatnawlarynyň ulanylmagy bilen “Demirgazyk – Günorta” we “Günbatar – Gündogar” ugurlary boýunça ulag ulgamyny has-da işjeňleşdirmegiň geljegi esaslandyrylan ýagdaýda görünýär. Şeýle hem milli Liderimiz suw diplomatiýasy baradaky wezipelere ünsi çekdi.
Türkmen Lideriniň ýüzlenmesinde deglip geçilen meseleler Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň arasyndaky duşuşygyň barşynda hem öz beýanyny tapdy.
Gazak Lideri hormatly Prezidentimize mähirli salam aýdyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna Türkmen döwletiniň Baştutanynyň uly goşandyny belledi hem-de Gazagystan üçin Türkmenistanyň hemişe möhüm strategik hyzmatdaş bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Söhbetdeşlikde häzir sebitiň doganlyk halklarynyň arasynda özara hereket etmek boýunça täze mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Şol gatnaşyklary netijeli peýdalanmak zerur. Hususan-da, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy hem-de parlamentara gatnaşyklary ösdürmek üçin örän uly mümkinçilik bar.