Milli Liderimiziň ählumumy parahatçylyga hem-de durnukly ösüşe gönükdirilen halkara başlangyçlary dünýäniň abraýly halkara guramasy – Birleşen Milletler Guramasynyň iň ýokary organy Howpsuzlyk Geňeşinde ýokary baha mynasyp boldy. Döwlet Baştutanymyzyň, hususan-da, goňşy doganlyk ýurdumyz Owganystanda parahatçylygyň üpjün edilmegi hem-de ykdysady taýdan ösdürilmegi babatdaky başlangyçlary we şol başlangyçlar esasynda durmuşa geçirilýän ägirt uly energetika hem-de ulag taslamalary Howpsuzlyk Geňeşiniň Rezolýusiýasynda giňişleýin beýan edildi. Bu ýagdaý hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň ählumumy ykrarnamasyna öwrüldi hem-de türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligi boldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 8-nji martynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi BMG-niň Owganystana goldaw bermek boýunça Missiýasynyň uzaldylýandygy hakynda Kararnama kabul etdi.
Şeýlelikde, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary resminama bilen Owganystany ösdürmek boýunça, şol sanda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň sebitleýin taslamalaryny we Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýol geçelgesiniň başlangyç bölegi bolup durýan Kerki-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň çekilmegini goldadylar. Şeýle hem ýokarda agzalan ugra halkara elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň desgalarynyň taslamalary girýär.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde bellenilişi ýaly, deňsiz-taýsyz TOPH taslamasy diňe bir sebitleýin hyzmatdaşlygy hem-de ählumumy ulgama goşulyşmagyny däl, eýsem, Owganystanyň ykdysady taýdan üpjünçiligine gönükdirilen oýlanyşykly meýilnamanyň binýadyny emele getirýär.
Milli Liderimiz 12-nji martda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda türkmen halkyny bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň şu ýylyň 8-nji martynda kabul eden Rezolýusiýasy Türkmenistanyň saýlap alan, bitaraplyga esaslanýan daşary syýasat ugrunyň dogrudygynyň hem-de pugta esaslydygynyň ýene-de bir aýdyň tassyklanmasydyr. Howpsuzlyk Geňeşiniň kabul eden Rezolýusiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň ornuny berkidýär we abraýyny has-da ýokary göterýär.
Şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegine bagyşlanyp, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de daşary syýasat edarasynyň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guran brifingine köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler we Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistika fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda geljekde Owganystanyň halkara goldawy meselelerinde Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmak meselelerine gönükdirilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi babatda giňişleýin maglumat berildi.
Howpsuzlyk Geňeşi ähli döwletleri sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça geljekki hereketleri amala aşyrmaga, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygy (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyk), Türkmenistandan-Owganystana demir ýolunyň gurluşygynyň taslamalarynda ösüş çygrynda sebitleýin başlangyçlary makullady we berkitmäge çagyrdy.