Belarusyň çäklerinde ýazuw edebiýaty X asyryň ahyrlarynda ýüze çykýar. Gündogar slawýan halklarynyň ählisinde bolşy ýaly, belarus halkynyň edebiýatynyň ösüşi-de dilden aýdylýan halk döredijiligi bilen berk baglanyşyklydyr. Belaruslaryň dilden aýdylýan halk döredijiligi Kiýew Rusunyň halklarynyň gadymy folklor däp-dessurlarynyň gös-göni täsiri netijesinde emele gelipdir. Halk döredijiligi bolsa, žanrlar boýunça dürli-dürlüdir. Belaruslar Kiýew Rusunyň medeniýetini dowam etdirijiler bolup, onuň saýasynda özleriniň milli döredijiligini ösdüripdirler. Belarus diliniň we edebiýatynyň kämilleşmek prosesi XVI asyrda bolup geçýär.
Ilkibaşda Gündogar slawýanlaryň ýazuwynda dini mazmunly terjime edilen edebiýat esasy orun eýeläpdir. X–XIII asyrlarda Wizantiýanyň hristian edebiýatyndan ybarat bolan eserleri gadymy slawýan diline terjime edilipdir. Wizantiýadan Kiýew Rusuna Gündogar slawýanlaryny dünýä taryhy bilen tanyşdyrýan grek-wizantiýa sene ýazgylary getirilipdir. Terjime edilen eserler özboluşly gadymy rus edebiýatynyň emele gelmegini tizleşdiripdir. Rusuň ilkinji ýazyjylary Ýewropa edebiýatynyň žanrlarynyň üstünde üstünlikli işläp, ony has-da kämilleşdiripdirler. Eserleri häzirki Belarusyň çäkleri bilen baglanyşykly suhangöý awtorlaryň hatarynda Kliment Smolýatiç (1164-nji ýylda aradan çykan), Kirill Turowskiý (1130-1182) dagy öňe saýlanýar. Bu awtorlaryň eserleri şahyranalygy bilen tapawutlanyp, olarda halk döredijiliginiň äheňleri ussatlyk bilen ulanylypdyr.
XII–XIII asyrlarda agiografiýa güýçli depginler bilen ösýär. XII asyryň ahyrlarynda we XIII asyryň başlarynda Ýewfrosiniýa Poloskaýanyň (1101-1167) ömür ýazgysy düzülýär. Şeýle hem Kirill Turowskiniň (XIII asyr) hem-de akyldar Awrami Smolenskiniň (1240-njy ýyllar) ömür ýazgylary gadymy rus agiografiýalarynyň naýbaşy eserleridir. Gadymy rus ýazuwyndaky ýörelgeler belarus edebiýatynyň kämilleşen döwründe (XIV–XVI) has-da ösüpdir. Şol döwürde mongol-tatarlaryň ýörişleri Kiýew Rusunyň ösüşini yza tesdirýär.
XIV asyryň ahyrlaryna çenli belarus topraklary Beýik Litwa knýazlygynyň düzüminde bolupdyr. Gündogar slawýanlardan bölünen Günbatar rus kowumlarynyň esasynda, belarus halkyýeti kemala gelýär. Şol döwürden başlap, belarus medeniýeti ýüze çykyp, öz dilleri we edebiýaty döreýär. Gadymy rus däp-dessurlarynyň mirasdüşerleri – belaruslar Litwanyň medeni durmuşynda möhüm rol oýnapdyrlar. Çünki şol döwürde litwa ýazuwy we edebi dili bolmandyr we gadymy rus dili esasyndaky günbatar rus dili Litwa knýazlygynyň döwlet dili hökmünde ykrar edilipdir. Şeýlelikde, gadymy belarus diliniň döwlet derejesinde resmi ykrar edilmegi onuň soňraky ösüşine, kämilleşmegine hem-de häzirki zaman belarus diliniň kemala gelmegine ýardam beripdir.
XIV–XV asyrlarda belarus edebiýaty žanrlaryň we görnüşleriň ozaldan gelýän däplerine daýanyp, ösüş gazanýar. Injil işjeň ýagdaýda göçürilip ýazylypdyr. Gadymy belarus diline Günbatar Ýewropa edebiýatynyň möhüm edebi eserleri terjime edilipdir. Şol birwagtyň özünde belarus edebiýatynyň özünde hem düýpli ösüşler bolup geçýär. Günbatar slawýan sene ýazgylaryny düzmegiň ýörelgeleriniň täsiri astynda belarus sene ýazgylarynyň žanry emele gelýär. Olaryň has irkileriniň hatarynda “Wagtlaýyn ýyllaryň hekaýaty” atly ýyl ýazgylarynyň terjimesini görkezmek bolar. Belarus hem-de belarus-litwa ýyl ýazgylarynyň esasy çeşmesi bolup, beýleki gadymy rus taryhy eserleri hyzmat edipdir.
XV asyrda bu žanryň has meşhur eserleri ýazylypdyr. Bu eserler döwletiň syýasy bähbitlerini goramaga gönükdirilen apologiýalardan ybaratdyr. Belarus halkynyň ykbalyna güýçli täsir eden eserleriň biri hem “Awramkanyň ýyl ýazgylarydyr”. Ýyl ýazgylaryny düzýänler gysga we aýdyň bolan özboluşly çeper usullary işläp düzüpdirler. Şoňa görä, ýyl ýazgylary diňe bir belarus taryhynda däl, eýsem, belarus belletristikasynda-da aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr.
XIV–XV asyrda gadymy rus ýazuw žanrlaryna mahsus bolan aýratynlyklar ösüş gazanýar. XIV asyryň ahyrlarynda “Ignatiý Smolýaniniň syýahaty” atly meşhur eser döredilýär. Grigoriý Samblak (1365-1419) Kirill Turowskiniň başlan işini dowam etdiripdir. Şeýle hem XV asyrda gahrymanlary taryplaýan eserler peýda bolýar. Kem-kemden ozaldan däp bolup gelýän görnüşler we žanrlar täzeçe çemeleşmeler bilen ýerini çalyşýar. Edebiýat has dünýewi keşbe eýe bolup, onda ep-esli derejede galkynyş we reformatorçylyk äheňleri duýulýar. XV asyryň ahyrlaryndan XVI asyryň başlaryna çenli täze bir keşpdäki ynsanperwer medeniýet kemala gelýär. Gündogar slawýan Galkynyşynyň görnükli wekili Fransisk Skorina (1490–1551) bolupdyr. Ol halkyň dürli gatlaklarynda sowatlylygy ýokarlandyrmaga tagalla edipdir. Onuň taglymatlary XVI–XVII asyrlaryň ýazyjylaryna düýpli täsirini ýetiripdir.
Bu döwrüň belarus edebiýatynyň iň esasy aýratynlygy – onuň polilingwistik häsiýetidir. Gündogar slawýan we Günbatar Ýewropa däpleriniň çatrygynda ýüze çykan we diniň täsiri bilen ösen bu medeniýet belarus, gadymy slawýan, litwa, polýak we latyn medeni gatlaklarynyň özara gatnaşygy bilen tapawutlanýar. XVI asyrdan katolisizmiň aralaşmagy bilen latyn dili ýörgünli bolup başlaýar. Belarus, polýak we litwa medeniýetiniň umumy edebi eserleriniň arasynda latynça ýazýan şahyrlaryň eserleri peýda bolupdyr.
XVI–XVII asyryň ikinji ýarymynda çekişme häsiýetli edebiýat ýokary derejede ösýär. Şeýle eserler çuňňur sosial-syýasy mazmuna baý bolup, joşgunly, täsirli we aýdyň dilde beýan edilipdir. Olar belarus halkynyň medeni mirasy bolup, dürli ugurlaryň wekilleri tarapyndan döredilipdir. Bu döwrüň dünýewi edebiýaty sillabik goşgy düzüliş ulgamynyň döremegi bilen tapawutlanýar. Sillabik şygryýetiniň has giňden ýaýran žanry epigramma žanry bolupdyr. Bu ugurda şahyrlaryň arasynda esasan hem, Andreý Rymşa (1550–1595) öňe saýlanýar.
Polilingwistik häsiýet XVII- XVIII asyryň edebiýatynda aýdyň ýüze çykýar. Awtorlaryň aglabasy polýak, latyn we gadymy slawýan dillerinde ýazypdyrlar. Iki dilde ýazylan eserler (belarus-ukrain, belarus-rus, belarus-polýak) peýda bolupdyr. Simeon Poloskiniň (1629-1680) we Andreý Beloboskiniň döredijiligi birnäçe slawýan edebiýatyna degişlidir. Belarus we rus edebiýatynyň ýazyjylary polýak edebiýatynyň ýörelgelerinden nusga alypdyrlar.
XVII asyryň ikinji ýarymynda XVIII asyryň birinji ýarymynda polýak we ukrain araçyllygynda şygryýet we dramaturgiýa mahsus bolan barokko usuly ýaýrapdyr. Ol ruhy we dünýewi şygryýetde ýüze çykýar. Şeýlelikde, edebi eserleriň aglabasy polýakça, latynça we gadymy slawýan dillerinde ýazylypdyr.
XVIII asyryň ahyrlarynda, rus dilli edebiýat ýokary depginde ösýär. Şol döwürde belarus edebiýatynda çeper we halk döredijiligini utgaşdyrýan žanrlar agdyklyk edýär. Şunuň ýaly meýiller XIX asyryň başlaryna çenli saklanypdyr. Şol döwürde W.P. Rawinskiniň (1786-1855) gyzykly eserleri peýda bolýar. Onuň poemalary milli dilde ýazylanlygy we wakalaryň çeper beýan edilenligi üçin edebi ýörelgeleriň soňky ösüşine düýpli täsirini ýetirýär. Belarus edebiýatynda has görnükli ýazyjylaryň biri hem XIX asyrda ýaşan Winsent Dunin Marsinkewiçdir (1808-1884). Ol öz eserlerini belarus, polýak we rus dillerinde ýazypdyr. Şeýle hem ol gülküli belarus operalaryň awtorydyr. Onuň eserleri şahyrana häsiýete eýe bolup, halk aýdymlaryna, nakyllaryna we atalar sözlerine baýdyr.
Şol döwrüň işjeň awtorlarynyň hatarynda Ýan Barşewskiý (1794-1851), şahyr we folklorçy Ýan Çeçot (1796-1847), Artýom Werigo-Dorewskiý (1816-1884), watansöýüjilikli şygyrlaryň awtory Winsent Korotynskiý (1831-1891), belorus-polýak şahyry Wladislaw Syrokomlýa (1823-1862) we Aleksandr Rypinskiý (1811-1900) dagy bar.
XIX asyryň ahyrlarynda belarus edebiýatynda milli galkynyş ugrundaky güýçli hereketler döreýär. Bu hereketiň şahyrana jarçysy Fransisk Boguşewiç (1840-1900) bolupdyr. Ol eserlerinde öz ene dilinden ýüz öwürýän halkyň heläkçilige uçraýandygyny belläp geçýär. Ýanka Luçina (1851-1897), Adam Gurinowiç (1869-1894), memuar ýazýan Algerd Abuhowiç (1840-1898) dagy Boguşewiçiň döwürdeşleri bolupdyr. Boguşewiçiň we onuň egindeşleriniň tagallalary netijesinde, milli galkynyş hereketi belarus edebiýatynyň gelejekki ösüşiniň iň esasy döredijilik mazmuny bolýar. XIX–XX asyrlaryň çäklerinde milli meseleler Ýanka Kupala (1882-1942) Ýakub Kolas (1882-1956), Aloiza Paşkewiç (1876-1916) Ş. Ýadwigin (1869-1922), Maksim Bogdanowiç (1891-1917), Zmitrok Býadulýa (1886-1941), Ales Garun (1887-1920), Maksim Goreskiý (1893-1938) dagynyň döredijiliginde aýratyn orun eýeläpdir. Olaryň döredijiligi belarus halkynyň köp taraply durmuşyny – arzuwlaryny, zähmetini we duýgy- düşünjelerini bütin dünýä jar edýär.
Belarus edebiýaty 1920-nji ýyldan soň, güýçli depgin bilen ösüp başlaýar. Belarusda köp sanly edebi bileleşikler döredilip başlanýar. Edebiýatda gahrymançylyk we romantik meýiller aýdyň ýüze çykyp, ol belarus milletiniň has-da kämilleşmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr. Ýanka Kupalanyň eserlerinde romantik duýgular aýdyň ýüze çykýar. 1930-njy ýyllarda belarus edebiýatynda şol döwre çenli ýörgünli bolmadyk roman žanry ösüp başlaýar. 1941-1945-nji ýyllaryň urşy döwründe belarus edebiýatynyň üsti möhüm eserler bilen doldurylýar. Esasan hem, awtorlar belarusyň öňden gelýän epiki poemalarynyň žanryny saýlap alýarlar.
Uruşdan soňky ýyllarda Iwan Şamýakin (1921-2004), Iwan Melež (1921-1976), Wasil Bykow (1924-2003), Ales Adamowiç (1927-1994), Iwan Naumenko (1925-2006), Andreý Makaýonok (1920-1982) ýaly ýazyjylar edebiýat meýdanyna gelýärler. Esasan hem, geçen asyryň 60-80-nji ýyllarynyň edebiýaty pajarlap ösýär. Bu döwürde kyssada uly üstünlikler gazanylýar. W. Bykowyň we A. Adamowiçiň harby hekaýalary meşhurlyk gazanýar.
I.Melež (“Batgadaky adamlar”, 1961, “Howpuň demi”, 1965, “Syrgynlar, dekabr” 1976), I. Şamýakin (“Aýadaky ýürek” 1963, “Atlantlar we kariatidalar”, 1974, “Seniň derdiňi alaýyn”, 1978), I. Naumenko (“Ýol ugrundaky sosna”, 1962, “Sosnalardaky ýel”, 1967, “Kyrk üçünji” 1973), Ý. Bryl (1917-2006) (“Guşlar we höwürtge”, 1963) ýaly awtorlaryň romanlary köpüň söýgüsini gazanan eserlerdir. Şol döwürlerde W. Korotkewiçiň (1930-1984) taryhy romanlary S. Aleksiýewiçiň (1948)resminamalaýyn – çeper eserleri, R. Boroduliniň (1935-2014) poemalary we A. Makaýonogyň pýesalary ýazylýar.
Soňky ýyllaryň edebiýatynda galapyn taryhy-sosial meselelere ýykgyn edilýär. Olardan kyssaçylardan Hristina lýalko, Adam Globus, Wladimir Orlow, Wladimir Butromeýew, şahyrlardan Leonid Golubowiç, Leonid Dranko-Maýsýuk we Ales Pismenkow dagy has-da öňe saýlanmagy başardylar.
Belarus ýazyjylaryndan Swetlana Aleksiýewiç 2015-nji ýylda “Döwrümiziň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri bilen baglanyşykly köp ugurly eserleri üçin” Nobeliň edebiýat boýunça baýragyna mynasyp boldy. Swetlana Aleksiýewiç taryhy wakalar barada ýazylan ençeme eserleriň awtorydyr. Onuň kitaplary dünýäniň 20 diline terjime edilip, Ýewropada yzygiderli neşir edilýär. Ýazyjy zenan çeper-resminama kyssanyň görnükli ussady hökmünde uly baha berilýär. Okyjylaryň arasynda onuň meşhurlygy bütin dünýäde günbe-günden artýar.
Umuman, soňky ýyllarda belarus edebiýatynyň uly ösüşleriň ýoluna düşendigini bellemek bolar.
Taýýarlan
Ýegenmämmet Taýlyýew,
“Zaman – Türkmenistan”.