Ýaponiýada sürüjisiz poçta ulaglary synagdan geçirilýär. Ýurduň paýtagty Tokio şäheriniň merkezinde sürüjisiz ulaglar arkaly hatlary gatnatmak üçin synag işleri geçirildi. Geljekde bu işi dolulygyna ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Metbugat gulluklarynyň habar bermegine görä, “Toyota Estima” kysymly poçta ulagy 2 kilometr aralyga özbaşdak hereket etdi.
Bu aralyk Tokionyň demir ýol menziliniň baş poçta edarasy bilen Gindza etrapçasynyň poçta bölümini birleşdirýär. Bu synanyşyk sürüjisiz ulaglar arkaly hatlaryň gatnadylmagy hem-de şäheriň has köp ulagly köçelerinde howpsuz hereket etmegiň aýratynlyklaryny gözden geçirmek üçin amala aşyryldy. Ýaponiýanyň poçta gullugynyň sürüjisiz ulag flotunyň düzümi 2020-nji ýylda işläp başlar.