Täze Zelandiýanyň kompaniýalarynyň biri işgärlerini sporta höweslendirmek maksady bilen täze başlangyjy öňe sürdi. Kompaniýa işe welosipedli gelýän işgärlere gündelik 10 täze zelandiýa dollary möçberinde pul baýragyny bermek hakynda karar kabul etdi. Okeaniýada ýerleşýän bu ýurduň Kraýstçerç şäherinde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek hem-de howa goýberilýän hapa gazlaryň möçberini azaltmak maksady bilen özboluşly çärä badalga berildi.
Bu çäräniň çäklerinde 6 aýlap işe welosipedli gelen işgärlere gündelik 5 dollar goşmaça hak tölener. Eger bu ýagdaýy dowam etdiren halatynda goşmaça haky gündelik 10 dollara ýetiriler. Işgärlere goşmaça hak ýylyň ahyrynda jemlenip berler.
Şäher häkimligi hem bu kompaniýany goldady. Şäherdäki 13 welosiped ýolunyň durkunyň täzelenmegi üçin 150 million dollar serişde sarp ediljekdigi aýdyldy.
Taýýarlan Ogulbibi Garakulowa,
Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.